"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sagat näçe bolduka?..

Uniwersitetde okan döwrümde oglanlaryň biri bilen has golaý gatnaşypdym. Ikimiz uzak ýyllaryň dowamynda jaňlaşyp, hal-ahwal soraşyp gelýäris. Ol bir gezek gürrüň arasynda: «Biz, dogrudanam, bary-ýogy 18-19 ýaşly oglan-gyzlar bolup, paýtagta okamaga bardykmykak? Tutuş bäş ýyly şol ýerde geçirdikmikäk? Birhili, ynanasyňam gelenok, süýji düýş ýaly bir zat» diýdi. Adam çaga mahaly wagtyň çalt geçip, özüniň basymrak ulularyň hataryna goşulmagyny isleýär; ulalanda bolsa, tersine, wagtyň juda çalt geçişine haýran galýar, aram-aram: «Heý, muny saklamagyň tär-usuly tapylmazmyka?» diýip, ýüregindäki hiç wagtda hasyl bolmajak arzuwy degişme äheňinde dile getirýär. Onuň üçin köp wakalar, ahwalatlar, ýaşlyk dostumyň aýdyşy ýaly, süýji düýş deýin bir zada öwrülýär.

Ynsanperwer ýörelgeden ugur alyp

Milli Liderimiz aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Bagtdan paýly çagalar

Her bir çaganyň erkin, asuda, parahat ýaşamagy, Watanymyza, mähriban halkymyza mynasyp adamlar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň geljegi üçin edýän haýyrly işleri sanardan has köp. Çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlap, üç dili bilmeklerini gazanmak, birinji synp okuwçylarynyň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, mekdeplerde dünýä ülňülerine kybap gelýän interaktiw usulda sapaklaryň berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil hakyndaky atalyk aladasynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde: «Biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris» diýip bellemegi buýsanjymyzy goşalandyrdy. Halallygy nusga edinen, haýyr işleri kalbynda besleýän Gahryman Arkadagymyzyň iň gowy adamkärçilik däplerine eýerip, ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasyny döredip bermegi Döwletliler köşgüniň çagalarynyň buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, elbetde, hemme adama birmeňzeş ykbal berilmeýär. Çaganyň durmuşynyň nähilidigine seretmezden, düýpli bilim berip, olaryň kalbynda ýer tutmaklyk hem buýsançly hemaýatlaryň biri hasaplanýar. Synan göwünlere teselli bermek, olary ruhy ta

Zeminiň zynaty

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň durmuşynda her bir taslama işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryndan ugur almagy talap edýän döwlet Baştutanymyz ak şäherimizi gür baglyga büremek, ähli köçeleriň ugurlaryny al-elwan güllere, dürli pürli agaçlara beslemek barada yzygiderli tagalla edýär. Geçen gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda döredilýän täsin seýilgähler, gök zolaklar, gür tokaýlar, umuman, tebigatyň baý, täsin dünýäsi biziň her birimizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Berkarar Diýarymyzda her ýylyň güýz hem bahar pasyllarynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ähli sebitlerimizde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem müňlerçe düýp pürli bag nahallary oturdylýar. Ynha şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasy esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gözel Diýarymyzda, şol sanda paýtagtymyzda agaç nahallarynyň 30 million düýbi oturdylar. Şunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde hem pürli we miweli agaçlaryň gür tokaýlarynyň döredilmegi miwe, ir-iýmiş, bal ýaly dermanlyk önümleri ýygnamagyň, guşlaryň, janly-jandarlaryň iýmitlenmeginiň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat etmek bilen bir hatarda, howanyň tämizligini, tebigatyň biodürlüligini, gözelligini, güýçli ýelleriň öňüniň alynmagyny hem üpjü

Abadan ýaşaýşyň goragynda

Adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň uly baýlygy saýylýar. Şoňa görä, ynsan saglygyny we ömrüni goramak jemgyýetiň öňündäki ilkinji borç bolup durýar. «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem kepillendirilen bu goraglylyk milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýokary derejede amala aşyrylýar. Şundan ugur alnyp, welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda hem ynsan saglygynyň we ömrüniň goraglylygy babatynda ätiýaçlandyryş işleriniň birnäçe görnüşi amala aşyrylýar. «Betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş kadalary» Türkmenistanyň çäginde giňden ulanylyp, bu kadalar Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we ýurdumyzyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Onda ýüze çykyp biljek betbagtçylykly hadysalar bilen bagly halatlar ätiýaçlandyrylýar. Olaryň arasynda tötänleýin zäherlenme, demikme, sanjymlardan soňky ters täsir, elektrik togy, zäherli mör-möjekleriň ýa-da ýylanyň çakmagy bilen şikes ýetmek, adam synalarynyň dürli bozulmalary ýaly halatlar görkezilýär. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda, ätiýaçlandyryşyň pul möçberi talaplaryň arasynda gelnen ylalaşygy esasynda amala aşyrylyp we şertnama bir ýyllyk ýa-da ondan kän möhlete baglaşylyp bilner. Ätiýaçlandyrylýan tarap Kadalarda görkezilen halatlaryň haýsy he

Ýaşaýşyň çeşmesi

Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli giň möçberli dabaralaryň, bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyp, onuň çäklerinde birnäçe dabaralar meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk, arassaçylyk hem-de ekologiýa ýagdaýy bilen bir hatarda, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Hormatly Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabat baýramçylyk lybasyna beslenýär. Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabadyň binagärlik keşbiniň gözelleşmegi, şäherde ýokary derejeli durmuş üpjünçiliginiň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeler, ýerine ýetirilýän işler ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bolsa Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýär. Mähriban halkymyzyň paýtagtymyzyň beýik ösüşlerine bolan buýsanjy artýar.

Okgunly ösýän ak şäher

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkymyz eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistan Watanymyz uly ösüşler bilen öňe barýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, her ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününiň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi ýurdumyz we halkymyz üçin indi asylly däbe öwrüldi. Aşgabadyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, şeýle hem ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejelerini belläp geçmezlik mümkin däl. Milli Liderimiz her hepdede geçirilýän iş maslahatlarynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada uly wezipeleri öňde goýýar. Aşgabadyň özboluşly täsin, göreni haýrana goýýan ajaýyp desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabady ösdürmek, dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça amala aşyrýan beýik işleriniň netijesidir.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Golaýda Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň guramagynda ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň, orunbasarlarynyň, öňdebaryjy işjeňleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň alnyp barlyşy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan işler, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlar boýunça üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak baradaky işlere döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär, saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Bu «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden aýdyň görünýär. Türkmenistan dünýäde ýaýran ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça halkara maksatnamalara işjeň gatnaşýar. TGÝMJ-niň welaýat bölümi hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak baradaky çagyryşlara ilkinjileriň hatarynda seslenýär. Welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda, orta we ýokary, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmagyň peýdasy dogrusynda hem nygtalyp geçilýär. Şeýle hem biziň jemgyýetçilik guramamyz ýaş nesillerde sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek, olary sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höweslendirmek ýaly asylly işleri durmuşa geçirýär. Bu işler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda durmuşa geçirýän belent maksatlaryna, edýän aladalaryna mynasyp seslenmedir. Leýla MATÝAKUBOWA,TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň müdiri.

Kalplary joşduran welosipedli ýöriş

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly seneler ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýär. Şeýle seneleriň biri hem ynsan saglygy bilen bagly bolan Bütindünýä saglyk günüdir. “Saglygym — baýlygym” diýen düşünjä eýerip, ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerilip, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişi boldy. Mary şäheriniň Kemine köçesinden badalga alan ruhubelent welosipedçileriň bu ýörişi hemmelerde ruhy joşgun döretdi.

Abadançylygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamyny kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýy saglyk aýy diýlip hasap edilýär. Golaýda welaýat medeniýet köşgünde Saglyk gününe bagyşlanyp, welaýat saglygy goraýyş we medeniýet müdirlikleri TMÝG-niň Mary şäher geňeşi bilen bilelikde dabaraly çäre gurnadylar. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025--nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan bu dabaraly çäre täsirli geçdi. “Sagdyn durmuş — abadan ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen geçirilen çäre welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-saza beslendi.

Çynlakaý alada ýerine düşýär

Köpasyrlyk geçmişi şan-şöhrata beslenip, geljegi abadan türkmen ili Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar ertiriniň binýadyny berkden tutýar. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, il-günümiziň ýaşaýyş--durmuş derejesi düýpli özgerýär. Il-günümiziň abadançylygyna, bolelinlikde ýaşamagyna, zähmet adamsy hakdaky alada gönükdirilen tagallalar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär. Kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy guramasy işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly degerli işleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda kärhanamyzda bu meseleleriň oňyn çözgüdinde netijeli çäreler geçirildi we geçirilýär. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak hemişe derwaýys wezipe bolup durýar. Şonuň üçinem bu mesele babatda işgärleriň arasynda gözükdirmeler we düşündiriş çäreleri yzygiderli ýola goýulýar. Şeýle hem kärhanamyzda tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň gyşarnyksyz we berk berjaý edilmegini gazanmak wajyp wezipedir. Şeýle zerurlykdan ugur alyp, gürrüňi edilýän meseläni hemişe üns merkezinde saklaýarys. Şeýle hem kärdeşler arkalaşygy guramamyz işgärlerimizi ýörite egin-eşikler we aýakgaplar bilen üpjün edýär. Işgärlerimiziň howpsuz we öndürijilikli zähmet çekmekleri ugrunda yzygiderli aladalanýarys. Şeýle tagallalarymyzam ýerine düşýär.

Parahatçylygyň watany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ýylsaýyn gülläp ösýär. Ähli ulgamlarda uly sepgitlere eýe bolunýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy, halkara giňişligindäki tutýan orny uludyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwletimiz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy bilen, ýurdumyzyň gadamlary has-da batlandy. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde belent sepgitlere ýetdi. Halkymyzyň isleg-arzuwlary hasyl bolup, parahatçylygy, asudalygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak boýunça uly ösüş-özgerişler amala aşyrylýar. Parahat ýurdumyzda yhlas bilen zähmet çekýän, ýurduň pajarlap ösmeginde irginsiz aladalanýan türkmen halky beýleki döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny ýylsaýyn artdyrýar.

Watana bolan söýgi çäksizdir

Hormatly Prezidentimiziň “Ata Watan aman bolsa, reňki- -roýuň saman bolmaz” diýen pähimli sözleri ýürekleri heýjana getirýär. Watan bu ynsanyň göbek ganynyň daman ýeridir, ilkinji gözüniň gören mesgeni, dogduk mekanydyr. Türkmen halky Watanyny ar-namysyna deňäp, bu topragyň her goşawuç ýerini jany-teni bilen söýýän halkdyr. Watany söýmek, Watana wepaly bolmak bu türkmen halkynyň ruhuna siňen gylyk-häsiýetleriniň biridir. Gerek ýerinde, Watan üçin öz şirin janyny gurban eden şahsyýetler sanardan örän köpdür. Biziň halkymyz ata-babalarymyzdan galan adalatlylyk ýörelgesini we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, beýik ruhy we maddy medeniýetini, demokratik ýörelgelerini giňden goldaýar we ösdürýär. Çünki, türkmen taryhda milliligi bilen özüni dünýä tanadandyr.

Şygryýet bossanynda

Annageldi Källiýew döredijilik işi bilen yzygiderli meşgullanýar. Ol goşgularynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp ösüşlerini suratlandyrmaga çalyşýar, ynsan aragatnaşyklarynyň inçeliklerini yzarlamaga synanyşýar. Onuň üç sany goşgular ýygyndysy okyjylara gowuşdy. Ol Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesidir, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisidir.

Asudalygyň goragynda

Raýatlyk buýsanjynyň jogapkärçiligi Ajap eýýamymyzyň ösüş-özgerişli ýyllary taryhy wakalaryň zamanasy bolýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da bu ýörelge rowaç alýar. Şeýle ajap eýýamymyzda halkymyzyň asuda, rahat, abadan durmuşynyň goralmagyny gazanmak wajyp wezipeligine galýar. Sebäbi asuda durmuş döredijilikli zähmet çekilmegine we eşretli günleriň hözirini görmäge mümkinçilik berýär.

Parlament gurluşynda täze tapgyr

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre ulgamyň işiniň has-da döwrebaplaşdyrylyp, hil taýdan täze, iki palataly parlament gurluşynyň ýola goýulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmeginde täze sepgidi alamatlandyrdy. Halk Maslahaty palatasyna agzalaryň ilkinji saýlawlary demokratiýany dabaralandyrmakda möhüm ädim bolup, halkymyzyň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna, öz konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşdyrylmagyny gazanmakda ähmiýetli waka öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň raýatlary we dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ýurduň döwlet gurluşynyň esaslaryny, döwlet işlerini, aýratyn-da, kanun çykaryjylyk işiniň demokratik ýörelgelerini geňeşmek, maslahatlaşmak, ylalaşyk we sazlaşyk arkaly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy üpjün etmek, raýat jemgyýetiniň institutlaryny ykrar etmek, hukuk we dünýewi döwletlilik ýoluna eýermek ýaly esasy durmuş gymmatlyklaryny özünde jemleýän kanunlaryň başy hökmünde ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegiň hukuk esaslary hem Esasy Kanunymyzdan — Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirme

Zähmeti goramak — möhüm wezipe

Bäherden etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi» ady bilen usuly maslahatlar geçirilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda işi döwrebap alyp barmak we özara tejribe alyşmak maksady bilen etrabyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanada, «Bäherden» sement zawodynda geçirilen usuly maslahatlar has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan usuly maslahatlarda zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplara laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça gürrüň edildi. Usuly maslahatlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň wekilleri bilen özara sowal-jogaplar alşyldy, olara degerli maslahatlar berildi.

Ygtybarly gatnaşyklaryň hukuk esaslary

Döwlet dolandyrylyşynyň netijeli alnyp barylmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetiň asudalygynyň we syýasy durnuklylygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda berkidilmegini gazanmakda esasy şertleriň biridir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi-de ähli ugurlarda netijeli usullary hem serişdeleri ornaşdyrmaga, uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Ol jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we onuň kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär. Tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň azalmagyna, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda belläp geçişi ýaly, kanun kadalaşdyryjy hukuk namasy bolup, ol raýatlaryň, kärhanalaryňdyr edaralaryň hukuklaryny we borçlaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Hukuk kadalary jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde iň netijeli we ählumumy serişde hökmünde ykrar edilýär.

Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny» atly wideomaslahatlara badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Ýaş alymlar geňeşleriniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Meýilnama laýyklykda, wideomaslahatlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň noýabr aýyna çenli dowam eder. 3-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen wideomaslahat «Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny» diýlip atlandyryldy. Onda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligini sanly tehnologiýalar arkaly öwrenmegiň meseleleri», «Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde döwrebap ýokary bilimli himik hünärmenleri taýýarlamagyň orny», «Türkmenistan — ÝUNESKO: türkmen halkynyň taryhyny öwrenmegiň, milli gymmatlyklaryny hasaba almagyň özara hyzmatdaşlygy» atly temalar boýunça çykyşlar diňlenildi.