Parahatçylygyň watany

7 Aprel 2021
777

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ýylsaýyn gülläp ösýär. Ähli ulgamlarda uly sepgitlere eýe bolunýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy, halkara giňişligindäki tutýan orny uludyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwletimiz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy bilen, ýurdumyzyň gadamlary has-da batlandy. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde belent sepgitlere ýetdi. Halkymyzyň isleg-arzuwlary hasyl bolup, parahatçylygy, asudalygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak boýunça uly ösüş-özgerişler amala aşyrylýar. Parahat ýurdumyzda yhlas bilen zähmet çekýän, ýurduň pajarlap ösmeginde irginsiz aladalanýan türkmen halky beýleki döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny ýylsaýyn artdyrýar.