Zeminiň zynaty

7 Aprel 2021
764

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň durmuşynda her bir taslama işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryndan ugur almagy talap edýän döwlet Baştutanymyz ak şäherimizi gür baglyga büremek, ähli köçeleriň ugurlaryny al-elwan güllere, dürli pürli agaçlara beslemek barada yzygiderli tagalla edýär. Geçen gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda döredilýän täsin seýilgähler, gök zolaklar, gür tokaýlar, umuman, tebigatyň baý, täsin dünýäsi biziň her birimizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Berkarar Diýarymyzda her ýylyň güýz hem bahar pasyllarynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ähli sebitlerimizde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem müňlerçe düýp pürli bag nahallary oturdylýar. Ynha şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasy esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gözel Diýarymyzda, şol sanda paýtagtymyzda agaç nahallarynyň 30 million düýbi oturdylar. Şunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde hem pürli we miweli agaçlaryň gür tokaýlarynyň döredilmegi miwe, ir-iýmiş, bal ýaly dermanlyk önümleri ýygnamagyň, guşlaryň, janly-jandarlaryň iýmitlenmeginiň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat etmek bilen bir hatarda, howanyň tämizligini, tebigatyň biodürlüligini, gözelligini, güýçli ýelleriň öňüniň alynmagyny hem üpjün edýär. Ildeşlerimiziň sagdyn ýaşaýşynda hem onuň ähmiýeti has ýokarydyr. Gür tokaýlaryň emele getirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ekologiýa ýagdaýyna, ekoulgamlaryň deňeçerligine, howanyň üýtgemegine uýgunlaşma oňyn täsir edýändigi aýratyn guwandyryjydyr.

Jennet ATAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.