Okgunly ösýän ak şäher

7 Aprel 2021
924

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkymyz eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistan Watanymyz uly ösüşler bilen öňe barýar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, her ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününiň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi ýurdumyz we halkymyz üçin indi asylly däbe öwrüldi. Aşgabadyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, şeýle hem ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejelerini belläp geçmezlik mümkin däl. Milli Liderimiz her hepdede geçirilýän iş maslahatlarynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada uly wezipeleri öňde goýýar. Aşgabadyň özboluşly täsin, göreni haýrana goýýan ajaýyp desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabady ösdürmek, dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça amala aşyrýan beýik işleriniň netijesidir.

Şemşat URAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň Merkezi kitaphanasynyň bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.