"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Şanly ýylyň taryhy seneleri

Toýlar toýlara ulaşýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny döredijilikli zähmetiň belent sepgitleri bilen dabaralandyrýar. Her biri özüne mahsus at bilen gelýän ajap eýýamymyzyň ýyllary uly ýeňişlere beslenip, taryhy wakalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu mizemez hakykata döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ýylyň taryhy wakalaryň ýylydygy guwandyrýar.

Ak ganatly ak bedew, sen

Lowurdaýyp nurun saçýan, Dünýä belli ak bedew, sen!

Uly toýa taýýarlyk

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baramy mynasybetli geçirilmeli dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp biziň döredijilik toparymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň welaýat döwlet athanasynda iş saparynda boldy. Şu günler bu ýerde şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Biz iş üstünde, welaýat döwlet athanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Batyr Orazow bilen taýýarlyk işleriniň barşy barada söhbetdeş bolduk. — Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şu aýyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň esasy bölegi biziň gadymy Mary topragymyzda, welaýat atçylyk sport toplumynda geçiriler. Şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri soňky tapgyrlarda alnyp barylýar. 2011-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga berlen welaýat atçylyk sport toplumynda geçirilen durkuny täzelemek işleri toplumyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar.

Wepadarlygyň nusgasy

Täze taryhy eýýamymyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly senesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy ýene bir guwançly waka bilen baýlaşdy. Has takygyny aýtsak, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň fewral aýyndaky Permany bilen Garaşsyz döwletimizde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň baýram edilmegi bellenildi. Munuň özi gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itlerine goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr. Türkmeniň alabaý itleri halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasydyr. Alabaý itleri geçmişde-de türkmeniň wepaly dosty, ygtybarly goragçysy bolup hyzmat edipdir. Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň başlangyjy bilen alabaý tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň geçen — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda çapdan çykyp, okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly eserinde tohum alabaýlar barada diňe bir gymmatly maglumatlar berilmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň köp asyrlyk durmuşynda eýelän orny barada gyzykly gürrüň berilýär. Behişdi bedewlerimiziň milli baýramy bilen bilelikde baýramynyň dabarasy dag aşýan alabaý itlerimiz wepadarlygyň nusgasydyr.

Owadandyr, gözel görklüdir

Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salanyňda asman giňişligi ýaly giň we çuň hakykatyň ýatandygyny bilmek bolýar. Türkmen ýigidi üçin bedew üsti Süleýmanyň tagty hasaplanýar. Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň: Münende şaý bolsa tükel esbaby,

Atym bar — ganatym bar

Türkmeniň milli buýsanjy bolan bedew atlar biziň halk döredijiligimizde aýratyn şöhlelenýär. Gyzdan gylykly owadan bedewlerimiz diňe bir ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, wepadarlygy, çydamlylygy, gaýratlylygy bilen buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen atşynaslary, seýisleri dünýäni haýran edýän bedewleri ýetişdirip gelipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşynda bedew atyň aýratyn orny bar. Golaýda biz Wekilbazar etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň ýaşaýjysy, 90 ýaşy arka atan atşynas Çerkez Gypykow bilen gürreňdeş bolduk. Şonda biz ondan seýisçilik sungatynyň syrlary barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

Behişdi bedewler buýsanjymyzdyr

Her bir milletiň özüne mahsus mukaddeslikleri, milli gymmatlygy, sungat derejesine ýetiren özboluşly aýratynlygy bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri wepadarlygyň belent nusgasyny özünde jemleýän bedew aty bar. Gadymy çeşmelerde “behişdi”, “asman”, “asylly”, “adaty bolmadyk” diýlip atlandyrylýan türkmen bedewleri şöhraty müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip, arassa ganlylygyny saklap, nesillerimize galdyrypdyrlar. Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Bu barada atşynas, görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W. O. Wittiň: “Türkmen bedewleri şol gadymy arassa ganly atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi” diýen jümlelerini buýsanç bilen beýan etmek bolar. Türkmen bedewleri örän hyjuwly hem güýçli, eýesine wepaly, gyz gylykly, asylly häsiýetli, paýhasly, özüne bolan hormaty talap edýän jandar hökmünde bütin dünýäde ykrar edilipdir. Ady rowaýata öwrülen asman atlary halkymyzyň uçar ganaty, ylham joşguny, milli baýlygydyr.

Zyýanly endiklerden daşda bolunmalydyr

Arkadag Prezidentimiziň neşekeşlige garşy göreşi zyýanly endikleriň biri bolan çilimkeşligiň öňüni almak bilen utgaşykly işleri alyp barmaga badalga bermegi il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Çilimkeşlige garşy göreş soňky wagtlarda has-da giň gerime eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzda temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmekden ybaratdyr. Şu günki we geljekki nesilleri temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijelerinden goramakda aýgytly ädim ädilýär. Bu mesele babatda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp, degerli işler geçirilýär. Temmäki tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny yzygiderli düşündirip, bu ýaramaz endikden daşda bolunmagyny üpjün etmek esasy wezipämiz bolup durýar.

Ýadawsyz tagallanyň netijesi

Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň bady artýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymaty adam hakda aladanyň giňden dabaralanmagyna giň ýol açýar. Ýeňişli menzilleri ynamly külterleýän türkmen halky döwletli döwranyň hözirini görüp, tutanýerli zähmet çekýär. Il-günümiziň rahat, abadan durmuşyny üpjün etmek hem adam hakdaky aladanyň möhüm bölegidir. Şonuň üçinem bölümimiziň işgärleri öňlerinde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmek üçin ýadawsyz tagallalary edýärler. Adyndan belli bolşy ýaly, gorag bölümimiziň işgärleri eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki emläkleriň, banklaryň we aýratyn ähmiýetli binalaryň desgalaryň ygtybarly goraglylygyny üpjün edýärler. Şeýle hem biz altyn-kümüş şaý-sepleri we beýleki gymmatlyklar satylýan söwda nokatlaryny gorag astyna alyp, olaryň goralmagyny üpjün edýäris. Bulardan başga-da, eger-de raýatlar isleg bildirseler, bellenilen kadalara laýyklykda olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň, telekeçileriň hususy dükanlarynyň, ammarlarynyň goralmagyny hem üpjün edýäris. Bölümimiziň işgärleriniň ýadawsyz tagallalary özüniň netijesinem berýär.

Her damjasy zerden zyýat

Baharyň deň ýarysyndan gowragyny yzda galdyrdyk. Howanyň gitdigiçe maýlamagy bilen, arassa agyz suwuna bolan isleg barha artýar. Şeýle bolansoň, Hojambaz etrabyndaky Mekan agyz suw desgasynyň hünärmenleri has tijenip işlemeli bolýarlar. Mart aýynda 6 ýaşyny dolduran desga etrabyň üç obasyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Çeper edebiýatda-da, halk arasyndaky gürrüňlerde-de durulyk, tämizlik, köplenç, çeşme suwy bilen baglanyşdyrylýar. Süýji suwly ýerasty çeşmeleriň suwundan şol durşuna alaga-da ganmak hem haýyrly welin, ony degişli süzgüçlerden geçirip, has arassalap içmegiň haýry hiç zat bilen deňär ýaly däl. Onsoň hem, Mekan agyz suw desgasy ýerasty çeşmeleriň suwuny oba ýaşaýjylarynyň öýüne çenli getirip berýär. Şu günler-ä bu suwuň gadyry has başgaça.

Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de etrap kazyýetiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahat Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlandy. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda işleýän ýaşlar, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimize goýýan sarpasy, atçylygyň we atçylyk sportunyň ösüşine berýän ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Arkadagly döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty rowaçlyga beslenýär. Ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. Berkarar Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň bedew badyna deňelmegi hem ahalteke bedewlerine berilýän ähmiýetden, oňa goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize bagyşlanan «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaplarynyň ähmiýeti baradaky gürrüňe hem üns çekildi. Bellenilişi ýaly

Halk Maslahaty: demokratik ösüşiň täze tapgyry

Golaýda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanan hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň, hususan-da, onuň ýokarky palatasy bolan Halk Maslahatynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Esasan, 5 ugurdan ybarat bu wezipeler dogrusynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirýäris. Merettagan TAGANOW,Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy:

Waspyň dilde sena, bedew

Behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmakda hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edip, şolaryň netijesinde hem milli atşynaslyk sungatymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi hem-de tohumçylyk-seçgi işi boýunça halkara gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Şeýlelikde, dünýäde ahalteke tohum atlaryna bolan gyzyklanma ýylba-ýyldan artýar.  Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda bellenilişi ýaly, gapysynda bedew kişňeýän kişi özüni juda bagtly hasap edipdir. Wepadarlygyň, gaýduwsyzlygyň agzalýan ýerinde hökmany ýagdaýda bedew atyň hem gürrüňi edilýär. Çünki şeýle häsi-ýetleri özünde jemlän türkmen bedewleri dünýäde deňsiz-taýsyzdyr.

Halkymyzyň milli gymmatlygy hem buýsanjy

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň netijesinde türkmen alabaýyny dünýä tanatmakda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 25-nji fewralynda türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, mähriban Prezidentimiziň “Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda” Permana gol çekmegi munuň subutnamasy bolup durýar.  Türkmen alabaýynyň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki bedew atlary hem-de alabaý itleri türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarydyr hem buýsanjydyr. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri bu milli gymmatlyklary sarpalap gelýär.

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Taryhy wakalaryň täsiri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň jana hoştap bahary — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň otuzynjy, Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadymyzyň bir ýüz kyrkynjy bahary syýasy-taryhy, şanly wakalara baýlygy bilen watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Halkara jemgyýetçiliginiň doly we deň hukukly agzasyna öwrülen ata Watanymyz eziz Türkmenistanda üstümizdäki ýylda durmuşa geçirilýän beýik işler Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrýar. Döwletimiziň ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde gazanýan üstünlikleri, ýetýän belent derejeleri hemmeleri haýran galdyryp, dünýäniň ösen döwletleriniň, belli syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekýär hem-de olaryň ýokary bahalaryna mynasyp bolýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy düýpli täzelenip, halkymyzyň milli aýratynlyklaryna, ruhy-ahlak köklerine laýyk getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki zaman demokratik döwletde deň mümkinçilikleri kepillendirýän kanunçylyk binýady ähli zadyň esasy bolup çykyş edýär. Ýurtda erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegi demokratik döwletiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda raýatlaryň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolan saýlaw hukugyny durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda demokratik jemgyýeti gurmagyň dünýä tejribesi-de, halkymyzyň milli däpleri, ruhy aýratynlyklary-da, taryhy kökleri-

Milli gymmatlyklarymyzyň waspy

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmen bedewiniň we alabaýynyň çeper waspy» diýen at bilen surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Giň gerime eýe boldy

Geçen hepdäniň şenbe gününde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri biziň welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, oba geňeşlikleriniň, daýhan birleşikleriniň işçi-hünärmenleriniň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ilat köpçüliginiň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş we bag ekmek çäreleri aýdyň tassyklady. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda guramaçylykly geçirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri etrabyň ähli oba geňeşliklerinde, edara-kärhanalaryň çäklerinde, dürli maksatly binalaryň töwereklerinde alnyp baryldy. Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň çäklerinde ýüzlerçe düýp nahallar ekildi, öňki bar bolan baglara ideg işleri ýerine ýetirildi. Şeýle hem köçeleriň, akar ýaplaryň boýlarynda arassaçylyk işleri geçirilip, guran ot-çöpler aýryldy, zir-zibiller, çykyndylar bellenen ýerlere tehnikalaryň kömegi bilen çykaryldy. Bu işleriň «Türkmenbaşysuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynda, etrap merkeziniň Şaýoly, Aşgabat köçeleriniň ugurlarynda, Gurbansoltan eje adyndaky, M.Hojamämmedow adyndaky, B.Taganow adyndaky oba geňeşliklerinde ýokary guramaçylyk derejede geçirilendigini bellemek gerek. Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň geçirilmegi şäherdir obalarymyzyň gözelligine gözellik goş

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Giň dünýäniň geň habarlary

Sahawat merkeziniň täsin binasyBeýik Britaniýanyň London şäherindäki Düwnük kesellileriň sahawat merkeziniň binasy özboluşly görnüşe eýedir. Merkez 462 inedördül metr meýdany eýeläp, şäher hassahanasynyň çäginde ýerleşýär. Onuň esasy aýratynlygy täsin usulda gurlanlygyndadyr. Bina seplenen direg pürslerden nätekiz, ýapgyt ýerde gurulýar. Beton bloklar kebşirlenen bina ýedi hepdäniň dowamynda taýýar hala getirilýär. Bina iki gatdan ybaratdyr. Onuň üçegindäki bagda 20 müňe golaý ösümlik we agaç görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. * * *