Her damjasy zerden zyýat

21 Aprel 2021
1120

Baharyň deň ýarysyndan gowragyny yzda galdyrdyk. Howanyň gitdigiçe maýlamagy bilen, arassa agyz suwuna bolan isleg barha artýar. Şeýle bolansoň, Hojambaz etrabyndaky Mekan agyz suw desgasynyň hünärmenleri has tijenip işlemeli bolýarlar. Mart aýynda 6 ýaşyny dolduran desga etrabyň üç obasyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Çeper edebiýatda-da, halk arasyndaky gürrüňlerde-de durulyk, tämizlik, köplenç, çeşme suwy bilen baglanyşdyrylýar. Süýji suwly ýerasty çeşmeleriň suwundan şol durşuna alaga-da ganmak hem haýyrly welin, ony degişli süzgüçlerden geçirip, has arassalap içmegiň haýry hiç zat bilen deňär ýaly däl. Onsoň hem, Mekan agyz suw desgasy ýerasty çeşmeleriň suwuny oba ýaşaýjylarynyň öýüne çenli getirip berýär. Şu günler-ä bu suwuň gadyry has başgaça.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.