Giň gerime eýe boldy

19 Aprel 2021
741

Geçen hepdäniň şenbe gününde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri biziň welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Munuň şeýledigini welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, oba geňeşlikleriniň, daýhan birleşikleriniň işçi-hünärmenleriniň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ilat köpçüliginiň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş we bag ekmek çäreleri aýdyň tassyklady.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda guramaçylykly geçirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri etrabyň ähli oba geňeşliklerinde, edara-kärhanalaryň çäklerinde, dürli maksatly binalaryň töwereklerinde alnyp baryldy. Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň çäklerinde ýüzlerçe düýp nahallar ekildi, öňki bar bolan baglara ideg işleri ýerine ýetirildi. Şeýle hem köçeleriň, akar ýaplaryň boýlarynda arassaçylyk işleri geçirilip, guran ot-çöpler aýryldy, zir-zibiller, çykyndylar bellenen ýerlere tehnikalaryň kömegi bilen çykaryldy. Bu işleriň «Türkmenbaşysuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynda, etrap merkeziniň Şaýoly, Aşgabat köçeleriniň ugurlarynda, Gurbansoltan eje adyndaky, M.Hojamämmedow adyndaky, B.Taganow adyndaky oba geňeşliklerinde ýokary guramaçylyk derejede geçirilendigini bellemek gerek. Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň geçirilmegi şäherdir obalarymyzyň gözelligine gözellik goşup, daşky gurşawymyzyň arassa, tämiz bolmagyny üpjün edýär.
Çynar BERDIKULYÝEWA,
TAP-niň welaýat komitetiniň baş hünärmeni.