Zyýanly endiklerden daşda bolunmalydyr

21 Aprel 2021
914

Arkadag Prezidentimiziň neşekeşlige garşy göreşi zyýanly endikleriň biri bolan çilimkeşligiň öňüni almak bilen utgaşykly işleri alyp barmaga badalga bermegi il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Çilimkeşlige garşy göreş soňky wagtlarda has-da giň gerime eýe bolýar.

Munuň özi ýurdumyzda temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmekden ybaratdyr. Şu günki we geljekki nesilleri temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijelerinden goramakda aýgytly ädim ädilýär. Bu mesele babatda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp, degerli işler geçirilýär. Temmäki tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny yzygiderli düşündirip, bu ýaramaz endikden daşda bolunmagyny üpjün etmek esasy wezipämiz bolup durýar.