"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ynsan saglygynyň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ilatyň saglygyny goramaga berýän içgin ünsi we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleri, ylaýta-da, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çägindäki çäreler munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, gözel Diýarymyzyň ak mermerli paýtagtynda iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, welaýatlarymyzda dünýä meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň iň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalaryň, saglyk öýleridir merkezleriň gurulmagy netijesinde saglygy goramagyň milli ulgamy kämilleşdi. Şeýle bolansoň, bu gün ildeşlerimiz döwrebap saglygy goraýyş hyzmatlaryndan netijeli peýdalanýar.

Çagany iýmitlendirmegiň kadalary

Çagany dogry iýmitlendirmek onuň sagdyn ösmegini üpjün etmekde iň wajyp zerurlyklaryň biridir. Alty aýlyga çenli çaga üçin iň oňat iýmit ene süýdüdir. Ene süýdi çaganyň iýmit siňdirişini we madda çalşygyny gowulandyryp, çaga üçin gerekli bolan ýokumly maddalary özünde saklaýar. Ene süýdi ýeňillik bilen siňýär we onda mikroelementleriň talabalaýyk bolmagy çagalaryň iýmit siňdiriş ulgamynyň funksional bozulmalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Çaganyň alty aýlygyndan soňra onuň mikroelementlere (demir, sink we başgalar), şeýle-de kaloriýa bolan talabyny ene süýdi doly kanagatlandyryp bilmeýär. Şonuň bilen baglylykda, çaganyň iýmitine goşmaça naharlar girizilýär. Umumy naharlary iýip başlamaga geçmek çaga üçin çylşyrymly döwür bolup, onuň käbir aýratynlyklary bardyr. Bu döwürde düýpli üýtgemeler bolup geçýär, çaganyň talaplary uly bolýar we köp güýç sarp edýär. Çaganyň dişleri çykýar, iýmiti çeýnäp we goýy iýmitleri ýuwdup bilmek endikleri döreýär, oturyp, emedekläp, ýöräp başlaýar, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara akyl ýetirip ugraýar. Şu ýagdaýlaryň öwezini doldurmak, çaganyň bedenine agram salynmagyň öňüni almak üçin dogry iýmitlenmek zerurdyr.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenilen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

Sagdyn jemgyýet — berkarar Watan

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde şeýle şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilen orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärede TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanowyň, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bahar Piriýewanyň eden mazmunly çykyşlarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, arassaçylygyň we agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmagyň kadalarynyň berjaý edilmegi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda ygtybarly çärelerdigi hakynda nygtaldy. Çäräniň dowamynda çykyş edenler halkyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýyňyzda, öl saçly daşary çykmaly däl. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Saglygym — baş baýlygym

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn iýmitlenmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny, düzgünleri berk berjaý etmeli. «Arassaçylyk — saglygyň girewi» diýleni. Şonuň üçinem elleriňi yzygiderli sabynlap ýuwmaly, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Otaglarda arassaçylyga aýratyn üns bermek zerurdyr. Olarda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli amala aşyrmaly. Gaýnadylyp sowadylan arassa suwuň peýdasy uludyr. Şonuň üçinem arassa agyz suwuny ýeterlik derejede içmeli.  Howada tozan bölejikleriniň kadadan agdyklyk edýändigi sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmaly, iki metr howpsuz araçägi saklamaly.  

Iň gymmatly baýlyk

Türkmen halky ynsan saglygyna hemişe iň gymmatly baýlyk hökmünde uly sarpa goýup gelipdir. Asyrlar boýy kämilleşdirilip gelnen bu ýörelge bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanylan üstünlikler munuň subutnamasydyr. Ýetilen sepgitler ynsan ömrüni uzaltmaga, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmäge ýardam berýär. Arkadag Prezidentimiziň il saglygy barada döwlet derejesinde edýän şeýle aladalarynyň çäklerinde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi we olar bagtyýar nesillerimiziň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup, şäherlerimiziň, obalarymyzyň görküni öňküden hem artdyran bu sport desgalary her bir adamyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň işjeň dynç almaklary, sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, tejribe toplamaklary üçin zerur şertleri döredýär.  Üstünlikli amala aşyrylýan bu işler halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilen tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Goý, halkymyzyň saglygyny goramakda uly aladalar edýän Gahryman Arkad

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, gowy ukyňyzy alyň, dogry we kadaly iýmitleniň, gün tertibiňizi dogry düzüň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. Arassaçylyk düzgünlerini berk we doly berjaý ediň.

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Sagdyn durmuş ýörelgesi saglygyny goramaga we berkitmäge tagalla edýän her bir adamy biparh goýmaýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi lukmançylykda, sosiologiýada we psihologiýada gazanylan üstünlikleriň we açyşlaryň hasabyna has-da dabaralanýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemesine görä, saglyk bu diňe keselleriň we näsaglaryň bolmazlygy däl-de, eýsem, doly fiziki, ruhy we sosial eşretdir. Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy we sosial faktorlaryň täsiri esasynda, saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşydyr. Şunda tebigy hadysalar hakynda gürrüň edilende Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen adamyň derisi D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa, diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, nerw dartgynlylygyndan goraýan oňat serişdedir. Onuň ýetmezçiligi parodontoza, onkologik kesellere, beden myşsalarynyň we bogunlaryň agyrysyna we süýji kesele alyp barýar. D witaminini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Arassa howa bedeniň umumy ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Öýüň içindäki howa dymyk bolsa, kellagyry, ukynyň bozulmagyna, ganygyzgynlyga, ünsüň gowşamagyna, peselmegine sebäp bolýar. Adamyň durmuşynda suwuň ähmiýeti hakynda aýdylanda bolsa, suw ýaşaýşyň çeşmesidir. Bedenimiziň kadaly hereketi üçin günde 1,5 — 2 litr suwuklyk, onuň 3-den 2 bölegi bolsa, adaty suw bo

Ýokary hilli lukmançylyk serişdeleri

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda zyýansyzlandyrylan, ýokary hilli sargy önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň öndürýän önümleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda giňden peýdalanylýar. Biz öndürilýän önümleriň ähmiýeti, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde durýan möhüm wezipeler barada kärhananyň käbir hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar şeýle gürrüň berdiler. Guwançmyrat HALMEREDOW, kärhananyň gipsleýji bölüminiň başlygy:

Saglygyň sakasy

Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri dogry berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýmitler kadaly ýagdaýda saklanylmalydyr we gök hem-de bakja önümlerini köpräk iýmelidir. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli-dümen naharlardan az-azdan iýmeli we gapdalyndan ter gök önümlerinden taýýarlanylan şerbetleri içmelidir. Bedeniň berk, sazlaşykly ösmegine süýt we süýt önümleri, et, balyk, ýumurtga, gök we däneli önümler oňyn täsir edýär. Bagyr, balyk we ýumurtga witaminlere baý bolan iýmitlerdir. Eger-de bedene witaminler we minerallar doly derejede barmasa, onda dürli keselleriň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin gündelik durmuşymyzda sagdyn iýmitlenmegiň ähli düzgünlerini berjaý etmek biziň her birimiz üçin zerurdyr. Köp hereket etmek, beden maşklaryny ýerine ýetirmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak peýdalydyr. Agşam naharyndan soň, siňňitli bolar ýaly arassa howada gezim etmeli. Halkymyz ir döwürlerde «Görk agyzdan, görmek eginden» diýlen parasatly jümlä eýerip, sagdyn iýmitlenmegiň sagdynlygy berkitmekde peýdalydygyny, adam synasyna ýardam berýändigini ündäpdirler. Sahawatly topraga örküni baglan halkymyz tebigy taýdan arassa gök we bakja önümlerini, miweli baglary ekip-dikip, kemala getirip, hözirini görüpdir. Gahryman Arkadagymyz her bir işiň başyny tutanda pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Sagdyn iýmitle

Miweleriň peýdasy

Miweleri iýmek saglyga oňyn täsirini ýetirýär. Olaryň ter görnüşi bilen birlikde kakadylan kak, kişde, kişmiş görnüşleri hem saglyga örän peýdalydyr. Üzüm kişmişiniň düzüminde kaliý örän köpdür. Ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Häzirki zaman barlaglarynyň netijesinde, kişmişiň nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygy anyklanyldy.

Halkyň saglygynyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işlerini beýan edýän «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýen ajaýyp jümle bar. Ol ynsan saglygy barada çuňňur garaýyşlary özünde jemlemek bilen dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň many-mazmunyny doly açyp görkezýär. Bu ýörelge döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipe bolmak bilen, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny gazanmaklyga gönükdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan uly üstünlik bolsa, biziň bilşimiz ýaly, ilatyň kesellemeginiň we ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakdyr. Hut şu maksat bilen Ýer ýüzünde häzirki wagtda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, täze wirusyň döredýän ýiti ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän öňüni alyş çäreleri we işleri ýokary depginde dowam edýär. Dünýäde adamzadyň saglygyna uly täsir edýän bu ýiti ýokanç keseliniň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda gyssagly degişli çäreler görüldi. Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda bu keseli döredýän ýokanjyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, ö

Il saglygy — ýurt baýlygy

Tagalla edilýär Dünýä ýüzüne howp salýan dürli ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen alnyp barylýan işler netijesinde lukmanlarymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda raýatlaryň arasynda saglyk barada wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Eziz Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýän işler ýerine düşýär. Döwletiň hem-de jemgyýetiň baş baýlygynyň adamdygy şu günlerki alnyp barylýan tutumly işlerde hem öz beýanyny tapýar.

Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň ýagdaýynyň üýtgemegi, howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy möwsümleýin ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Olar, esasan-da, näsag adamdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Keseliň ilkinji alamatlary üsgülewük, asgyrma, bokurdagyň agyrmagy, kellagyry, bedeniň umumy gowşaklygy, temperaturanyň ýokarlanmagy bolup durýar. Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda haýal etmän, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Ýiti respirator kesellerden goranmak üçin hökmany suratda daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmaly, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan, elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly. Daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleri sabyn bilen gowy edip ýuwmaly, otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalyşmaly, çygly arassaçylyk işlerini geçirmeli. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, möwsümleýin keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmeli.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Şu günler Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalary, etrap hassahanasy, etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan etrabyň çäginde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Ildeşlerimiziň saglygyny goramak, keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilýän şeýle işleriň netijeliligini gazanmakda uly tagallalar edilýär. Wagyz-nesihat işleri bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň birnäçesinde, sport mekdebinde hem geçirildi. Şol işleriň barşynda oňa gatnaşyjylara adam bedeniniň sagdyn bolmagyny gazanmagyň, kesellerden goranmagyň kadalary dogrusynda gymmatly maslahatlar berildi. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamagyň, asgyrylanda ýa-da üsgürilende agzyňy we burnuňy hökmany ýagdaýda elýaglyk bilen ýapmagyň, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmegiň, howanyň ýagdaýyna görä geýinmegiň, sagdyn iýmitlenmegiň, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Ýiti respirator wirus kesellerinden goranyň!

Gyşyň sowuk howasy, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi netijesinde adam bedeniniň immun ulgamy gowşap, bedeniň goranyş işiniň peselmegi netijesinde, ýiti respirator wirus keselleri we dem alyş ýollarynyň sowuklamasy, dem alyş ýollarynyň wirus ýokanç keselleri has ýygy duş gelýär. Ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin, şu aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir:

Körpeleriň ösüşinde iýmitiň ähmiýeti

Sagdyn iýmitlenmek adamyň ömründe möhüm zatdyr. Ýetginjekleriň bedeni uly adamyňka seredeniňde, beden synalarynyň çalt ösmegi bilen tapawutlanýar. Çagalaryň akyl we fiziki taýdan kadaly ösmegi üçin sagdyn iýmitlenmek gerekdir. Sagdyn iýmitlenmek — bu adamyň kadaly ösmegine keselleriň öňüni almaga ýardam berýän önümler bilen iýmitlenmekdir. Çaganyň iýmit önümlerinde belogyň, ýagyň, uglewodlaryň, witaminleriň we mikroelementleriň gündelik ýeterlik mukdarda bolmagy hökmandyr. Çaga iýmit taýýarlananda et, süýt, balyk we deňiz önümleri, gök we bakja, däneli we kösükli önümler ýeterlik bolmalydyr.

Örtük dakynyň, hem özüňizi, hem töweregiňizdäkileri gorarsyňyz!

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hem-de howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär. Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.