Sagdyn durmuş ýörelgesi

9 Fewral 2021
931

Şu günler Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalary, etrap hassahanasy, etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan etrabyň çäginde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Ildeşlerimiziň saglygyny goramak, keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilýän şeýle işleriň netijeliligini gazanmakda uly tagallalar edilýär.

Wagyz-nesihat işleri bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň birnäçesinde, sport mekdebinde hem geçirildi. Şol işleriň barşynda oňa gatnaşyjylara adam bedeniniň sagdyn bolmagyny gazanmagyň, kesellerden goranmagyň kadalary dogrusynda gymmatly maslahatlar berildi. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamagyň, asgyrylanda ýa-da üsgürilende agzyňy we burnuňy hökmany ýagdaýda elýaglyk bilen ýapmagyň, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmegiň, howanyň ýagdaýyna görä geýinmegiň, sagdyn iýmitlenmegiň, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.