Çagany iýmitlendirmegiň kadalary

11 Fewral 2021
1346

Çagany dogry iýmitlendirmek onuň sagdyn ösmegini üpjün etmekde iň wajyp zerurlyklaryň biridir. Alty aýlyga çenli çaga üçin iň oňat iýmit ene süýdüdir. Ene süýdi çaganyň iýmit siňdirişini we madda çalşygyny gowulandyryp, çaga üçin gerekli bolan ýokumly maddalary özünde saklaýar. Ene süýdi ýeňillik bilen siňýär we onda mikroelementleriň talabalaýyk bolmagy çagalaryň iýmit siňdiriş ulgamynyň funksional bozulmalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.

Çaganyň alty aýlygyndan soňra onuň mikroelementlere (demir, sink we başgalar), şeýle-de kaloriýa bolan talabyny ene süýdi doly kanagatlandyryp bilmeýär. Şonuň bilen baglylykda, çaganyň iýmitine goşmaça naharlar girizilýär. Umumy naharlary iýip başlamaga geçmek çaga üçin çylşyrymly döwür bolup, onuň käbir aýratynlyklary bardyr. Bu döwürde düýpli üýtgemeler bolup geçýär, çaganyň talaplary uly bolýar we köp güýç sarp edýär. Çaganyň dişleri çykýar, iýmiti çeýnäp we goýy iýmitleri ýuwdup bilmek endikleri döreýär, oturyp, emedekläp, ýöräp başlaýar, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara akyl ýetirip ugraýar. Şu ýagdaýlaryň öwezini doldurmak, çaganyň bedenine agram salynmagyň öňüni almak üçin dogry iýmitlenmek zerurdyr.

Jeren HOJAGULYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň şepagat uýasy.