Sagdyn jemgyýet — berkarar Watan

10 Fewral 2021
1033

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde şeýle şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilen orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärede TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanowyň, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bahar Piriýewanyň eden mazmunly çykyşlarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, arassaçylygyň we agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmagyň kadalarynyň berjaý edilmegi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda ygtybarly çärelerdigi hakynda nygtaldy. Çäräniň dowamynda çykyş edenler halkyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.