"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Ýurdumyzda arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Arassaçylygyň iň ýönekeý kadalary berjaý edilende, keselleriň köpüsiniň, hususan-da, ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Möwsümleýin duş gelýän ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek maslahat berilýär. Munuň üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly. Bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soňra, ýörite niýetlenen zibil gaplaryna taşlamaly. Howanyň üsti bilen dürli tozan bölejikleriniň, kesel dörediji mikroblaryň dem alyş ýollaryna düşmeginiň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak her bir adama zerur bolup durýar.

Beýi şerbeti

Gerekli önümler: 2 sany beýi, 2 bulgur şeker, 1 litr suw. Taýýarlanylyşy: Beýini gowy arassalap, ony böleklere bölmeli. Üstüne şekeri, suwy guýup, beýi gowy ýumşaýança, reňki çykýança pesejik otda gaýnatmaly.

Halk lukmançylygyndan

Gyzyl burç Gündelik metbugatlardan burçuň peýdasy baradaky makalalary okanymda gaýynenemiň gürrüň beren bir wakasy ýadyma düşdi.

Saglyk bolsa, beglik bolar

•Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. •Iýmitiňize aýratyn üns berip, ýokumly maddalara baý bolan tagamlary köp iýmeli, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Derde derman miweler

Bereketli türkmen topragy jana şypaly ot-çöplere, derde derman ösümliklere juda baýdyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda olary keselleri bejermek, saglygy berkitmek üçin iýmit hökmünde sarp edipdirler we derman serişdelerini taýýarlapdyrlar. Watanymyzda bitýän melhemlik ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, aýratynlyklary, olardan derman serişdeleriniň taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzda bitýän ösümlikler bilen bir hatarda, miweleriň hem ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Dünýä lukmançylygynda hem saglygy berkidiji häsiýetli miweleriň köp mukdarda sarp edilmegine uly ähmiýet berilýär. Olar diňe bir saçaklarymyzy bezemek bilen çäklenmän, eýsem, bejerijilik häsiýetleri bilen hem uly ähmiýete eýedirler.

Saglyk size ýaran bolsun!

Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň! Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň! Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, gowy ukyňyzy alyň, dogry we kadaly iýmitleniň, gün tertibiňizi dogry düzüň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. Arassaçylyk düzgünlerini berk we doly berjaý ediň.

Ata Watan — melhemler mekany

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyza, ene topragymyza, ümmülmez tebigatymyza bolan belent sarpany özünde jemleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir lukmançylykda däl, eýsem, okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly çeşme bolup durýar. Kitapda ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada anyk maglumatlar esasynda giňişleýin düşünje berilýär. Türkmen topragynda bitýän buýanyň tebigy süýjüligi beýleki ýurtlarda ösýän buýandan ep-esli tapawudy bar, hatda daşary ýurtlarda bitýän buýanlardan derman serişdelerini ýasanlarynda türkmen buýanyny olaryň düzümine süýjüligini köpeltmek üçin goşýarlar. Türkmen buýanynyň beýleki derman serişdeleriniň 400-den gowragynyň düzümine goşulmagy onuň dermanlyk häsiýeti boýunça hytaý ženşeninden hem öňe geçýändigi babatda maglumat bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmeniň bol bereketli Hydyr gören düzünde ak altynyň, gara altynyň bol bolşy ýaly, buýan ösümligi hem Garagum sährasyndan başga hemme etraplaryň çäginde diýen ýaly gabat gelýär. Esasan hem, Amyderýanyň kenar ýakasynda ýerleşýän süýji buýan dermanlyk häsiýeti boýunça has-da tapawutlanýar. Bu ösümlige dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Buýanyň, esasan hem, dermanlyk çig mal hökmünde köki ulanylýar. Onuň gabygyny arassalap ulanmak bolýar. Has takygy, senagat taýdan taýýar buýan köküniň dermanlyk serişdeleri bilen ýurdumyzyň dermanha

Il saglygy — ýurt baýlygy

Tejribeli lukman Tebigat adamzada dili diňe bir sözleşmek, düşünişmek üçin däl-de, birek-biregiň kalplaryny hoş sözler bilen dolduryp durmak üçin hem berendir. Durmuşda her dürli ýagdaýlar bolýar. Käbir halatlarda ynsan ruhy hemaýata mätäç bolýar. Şeýle ýagdaýda aýdylan hoş sözler ynsanyň ruhunyň göterilip, göwnüniň galkynmagyna, erkiniň güýçlenip, ynamynyň berkemegine ýardam edýär.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär. Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir. Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly. Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza görä egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli. Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalyşmaly. Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly. Ulanyp bolanyňyzdan soň bolsa, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.

Turp

Ýurdumyzda witamine baý önümleriň ençeme görnüşi ýetişdirilýär. Şolaryň biri-de turpdur. Turpuň adam bedenine peýdaly taraplary has irki döwürlerden bäri bellidir. Turpuň düzümi glikozidlere, aminokislotalara, efir ýaglaryna, işjeň fermentlere, organiki kislotalara we B witaminler toplumyna, С, PP, A, E witaminlerine baýdyr. Onuň düzüminde kaliý, kalsiý, demir, natriý, fosfor, selen minerallary bar. Şonuň üçin hem turp adam bedeniniň kesele garşy goranyjylyk ukybyny güýçlendirýär. Bu önümi witamin ýetmezçiligi döwründe, esasan-da, gyş aýlary we ýaz aýlarynyň başynda köp iýmelidir.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­my­zyň, şol sanda ösüp gel­ýän ýaş nes­li­mi­ziň sag­ly­gy­ny go­ra­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Şo­nuň üçin hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek, sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de ýaş­la­ry­myz hem sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn ös­ýär­ler, kä­mil­li­gi hem­ra edin­ýär­ler. Sport güýç-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­dyn­ly­gyň gözbaşydyr. Be­de­ni sag­dyn sak­la­mak üçin spor­tuň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Özü­ňi sag­dyn hem güýç­li duý­mak üçin köp he­re­ket et­me­li, ýö­re­me­li, yl­ga­ma­ly, suw­da ýüz­me­li, we­lo­si­ped sür­me­li. Sport bi­len meş­gul­lan­mak myş­sa­la­ryň ber­ke­me­gi­ne, süňk­le­riň dog­ry ös­me­gi­ne, be­de­niň­de mad­da çal­şy­gy­nyň go­wu­laş­ma­gy­na, ru­huň gö­te­ril­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Ir bi­len tu­rup, fi­zi­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek be­de­niň gan aý­la­ny­şy­gy­ny, öý­ke­niň, ýü­re­giň iş­leý­şi­ni go­wu­lan­dyr­ýar, fi­zi­ki we akyl taý­dan bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýär. Haý­sy maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­re­ni­ňiz­de siz şon­dan lez­zet al­ýan bol­sa­ňyz, şo­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­riň. Gü­nüň do­wa­myn­da, aýratyn hem er­ti­ri­ne wag­ty­ňy­zyň 30 mi­nuty­ny sarp ediň.

Baş saglygym — altyn jygam

«Alkyş alsaň, mydam işiň oň bolar» diýen gyzylyň gyryndysyndan gymmatly pähim bagt diýlen mukaddes düşünjäniň öz käriňden rysgal-döwlet tapyp, il-günüň alkyşyny alyp ýaşamakdygyna güwä geçýär. Elbetde, käriň hemmesi hem gowy. Haýsy käre baş goşup, gujur-gaýratyňy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekseň aljagyň alkyş, gazanjagyň abraý bolar. Ýöne nähoşlykdan saplanyp, saglyk atly taýsyz hazyna eýe bolan ynsanyň derdine em eden lukmana aýdýan alkyşynyň çäginiň ýokdugyny welin, hiç kim inkär edip bilmez. Täze taryhy eýýamda amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyzy gije-gündiz alkyşlaýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, dünýä halklarynyň milli Liderimize alkyş-hoşallygynyň çägi ýok. Lukman Prezidentimiziň dünýä lukmançylygynyň genji-hazynasyna öwrülen kitaplarynyň, ylmy işleriniň, ajaýyp eserleriniň Ýer ýüzünde giňden meşhur bolmagy her birimizi guwandyrýar. Alym Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda biz, lukmanlar üçin neneňsi derejede gymmatly gollanmadygyna göz ýetirmek kyn däldir. Gahryman Arkadagymyzyň bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda çopantelpek, käkilik oty, keýik oty, narpyz, buýan köki ýa

Keseliň öňüni alan ýagşy

Gyş bilen ýaz paslynyň sepgidinde, howanyň çygly günlerinde adamlaryň arasynda: «Ysgynym ýok, kelläm agyrýar, ukym tutup dur» diýen ýaly gürrüňleri häli-şindi eşitmek bolýar. Mundan başga-da, il içinde aýdylyşy ýaly, howanyň çalyşýan döwründe dürli dowamly sökelliklere duçar bolan adamlaryň keseliniň gozgamagy, beterleşmegi, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseller ýaly näsazlyklaryň ýüze çykmagy duş gelip biler. Gün şöhlesiniň azlyk etmegi bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny gowşadýar. Bu, öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly. Maşgala lukmanlary size kesel kesgidiňiz boýunça maslahatlary berip, gerek bolan ýagdaýynda degerli bejergileri geçirýärler.

Düzgünleri berk berjaý edeliň!

1. Howanyň üýtgäp durýandygyny ýatda saklap, pasla görä geýinmeli. 2. Immunitetiňi ýokarlandyrmak üçin С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Arassaçylyk saglygyň girewi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek, halkyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak babatda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hem halkyň saglygydyr. Arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmek bilen birnäçe ýokanç keselleriň, esasan hem, häzirki wagtda köp duş gelýän ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Munuň üçin arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Arassaçylyk düzgünlerinde — şahsy gigiýenany berjaý etmek, ýaşaýan, iş otaglaryň arassaçylygyny saklamak möhüm bolup durýar. Elleriňizi elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we soň, daşardan geleniňizden, islendik bir zady elläniňizden soň elleriňizi sabyn bilen akar suwuň aşagynda gowy ýuwmaly. Elleri zyýansyzlandyryjy erginler bilen arassalap durmaly. Howpsuz 2 metr araçägi saklap, agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Ýatýan, dynç alýan, işleýän otaglaryňyzyň içinde tiz-tizden zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Iş ýerleriňizde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli. Nahar bişirilýän otaglarda arassaçylyk düzgünlerini pugta ýerine ýetirmeli, gap-gaçlary öz wagtynda ýuwmaly, hapalary wagtynda aýryp durmaly. Içilýän arassa suwlaryň agzyny ýapyp goýmaly. Dişleriňizi ertir-agşam diş ýuwulýan serişdeler bilen ýuwup durmaly. Dyrnaklaryň ösmegine ýo

Ertirlik üçin şüle

Adatça, ertirlik naharynda, köplenç, peýnir, ýumurtga, gaýmak, mesge çalnan çörek iýilýär. Düzüminde köp mukdarda uglewodlary, beloklary, ýaglary, mikroelementleri saklaýan bu önümler ýokary kaloriýaly bolsa-da, bedeni gurplandyrmak, kuwwatlandyrmak üçin ýeterlik däldir. Ertirlik nahary proteinlere, antioksidantlara, witaminlere baý bolmalydyr. Süle, tüwi dänesinden taýýarlanan şüleler bedeni olar bilen doly üpjün edip bilýär. SüleSüle sowuklama garşy täsir edýär, immuniteti pugtalandyrýar, bedeni zäherli galyndylardan arassalaýar. Ol energiýanyň baý çeşmesi hasaplanýar. Süleden taýýarlanylan şüle yzygiderli ulanylanda, ol gandaky glýukozanyň derejesiniň peselmegine itergi berip, süýjüli diabetiň öňüni almaga ýardam edýär.