Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si

28 Fewral 2021
833

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­my­zyň, şol sanda ösüp gel­ýän ýaş nes­li­mi­ziň sag­ly­gy­ny go­ra­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Şo­nuň üçin hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek, sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di.

Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de ýaş­la­ry­myz hem sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn ös­ýär­ler, kä­mil­li­gi hem­ra edin­ýär­ler. Sport güýç-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­dyn­ly­gyň gözbaşydyr. Be­de­ni sag­dyn sak­la­mak üçin spor­tuň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Özü­ňi sag­dyn hem güýç­li duý­mak üçin köp he­re­ket et­me­li, ýö­re­me­li, yl­ga­ma­ly, suw­da ýüz­me­li, we­lo­si­ped sür­me­li. Sport bi­len meş­gul­lan­mak myş­sa­la­ryň ber­ke­me­gi­ne, süňk­le­riň dog­ry ös­me­gi­ne, be­de­niň­de mad­da çal­şy­gy­nyň go­wu­laş­ma­gy­na, ru­huň gö­te­ril­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Ir bi­len tu­rup, fi­zi­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek be­de­niň gan aý­la­ny­şy­gy­ny, öý­ke­niň, ýü­re­giň iş­leý­şi­ni go­wu­lan­dyr­ýar, fi­zi­ki we akyl taý­dan bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýär. Haý­sy maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­re­ni­ňiz­de siz şon­dan lez­zet al­ýan bol­sa­ňyz, şo­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­riň. Gü­nüň do­wa­myn­da, aýratyn hem er­ti­ri­ne wag­ty­ňy­zyň 30 mi­nuty­ny sarp ediň.

Gülşat JUMAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 8-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.