Arassaçylyk saglygyň girewi

26 Fewral 2021
1051

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek, halkyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak babatda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hem halkyň saglygydyr. Arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmek bilen birnäçe ýokanç keselleriň, esasan hem, häzirki wagtda köp duş gelýän ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Munuň üçin arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Arassaçylyk düzgünlerinde — şahsy gigiýenany berjaý etmek, ýaşaýan, iş otaglaryň arassaçylygyny saklamak möhüm bolup durýar.

Elleriňizi elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we soň, daşardan geleniňizden, islendik bir zady elläniňizden soň elleriňizi sabyn bilen akar suwuň aşagynda gowy ýuwmaly. Elleri zyýansyzlandyryjy erginler bilen arassalap durmaly. Howpsuz 2 metr araçägi saklap, agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Ýatýan, dynç alýan, işleýän otaglaryňyzyň içinde tiz-tizden zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Iş ýerleriňizde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli. Nahar bişirilýän otaglarda arassaçylyk düzgünlerini pugta ýerine ýetirmeli, gap-gaçlary öz wagtynda ýuwmaly, hapalary wagtynda aýryp durmaly. Içilýän arassa suwlaryň agzyny ýapyp goýmaly. Dişleriňizi ertir-agşam diş ýuwulýan serişdeler bilen ýuwup durmaly. Dyrnaklaryň ösmegine ýol bermeli däl. Geýýän egin-eşikleriňizi ýuwup, ütükläp geýmeli.

Aýsoltan JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy Saglyk öýüniň gündizki hassahanasynyň lukmany.