Ýurdumyzda witamine baý önümleriň ençeme görnüşi ýetişdirilýär. Şolaryň biri-de turpdur. Turpuň adam bedenine peýdaly taraplary has irki döwürlerden bäri bellidir.
Turpuň düzümi glikozidlere, aminokislotalara, efir ýaglaryna, işjeň fermentlere, organiki kislotalara we B witaminler toplumyna, С, PP, A, E witaminlerine baýdyr. Onuň düzüminde kaliý, kalsiý, demir, natriý, fosfor, selen minerallary bar. Şonuň üçin hem turp adam bedeniniň kesele garşy goranyjylyk ukybyny güýçlendirýär. Bu önümi witamin ýetmezçiligi döwründe, esasan-da, gyş aýlary we ýaz aýlarynyň başynda köp iýmelidir.