"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Alada edilýär

Jemgyýetimiziň baş ýörelgesi bolan sagdyn durmuşa eýermek derwaýys meseleleriň biridir. Ynsan saglygyna iňňän uly zeper ýetirýän ýaramaz nogsanlyklara garşy el-ele berip göreşmek ählihalk işine öwrülip, neşekeşligiň, çilimkeşligiň, naskeşligiň, arakhorlugyň öňüni almakda gazanylýan gowy netijeler guwandyrýar. Şeýle-de bolsa, saglygymyza uly howp salýan ýaramaz närselere uýýan adamlar aramyzda tapdyrýarka, bu howpuň garşysyna göreşmegi birjik-de gowşatmaly däldiris. Jemgyýetimizde neşekeşligiň, çilimkeşlikdir arakhorlugyň öňüni almak işleri üns merkezinde saklanylýar. Bu möhüm meselede düşündiriş, wagyz-nesihat işleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. Halkyň sagdynlygyny gazanmak babatyndaky şeýle möhüm işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy ynsan ömrüne zyýan berýän ýaramaz endikleriň öňüne böwet basmakdyr. Şonuň üçin-de ýaramaz endiklere garşy ilat arasynda geçirýän düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerimiziň netijeli bolmagyny gazanmaga çalyşýarys.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

— Öý we iş otaglaryny ýelejiredip duruň, penjireleri açyp, howasyny çalşyň! — Ulanan agyz-burun örtükleriňizi çalşanyňyzdan soň, eliňizi gowy edip ýuwuň!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

1. Dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk barlagyndan geçilýärkä, şeýle hem gidilende we gaýdylanda, 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçmeli. Ýaşy 18-den ýokary raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alandan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymy almalydyr. 2. «Awaza» şypahanasynda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berlen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Saglygymyzy goralyň!

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň oba, şäherçe geňeşliklerinde «Milletiň saglygy — ýurduň baýlygy» şygary astynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň bilelikde guramagynda Ýaşlyk şäherçe geňeşliginde geçirildi. Oňa ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy. Duşuşykda milli Liderimiziň ildeşlerimiziň saglygyny goramak babatda edýän taýsyz tagallalary, şeýle-de howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, howanyň yssy günleriniň ýetip gelmegi bilen baglanyşykly, adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär, şoňa görä-de bu döwürde sagdyn iýmitlenmek, zähmeti we dynç alşy kadalaşdyrmak, ýokumlara baý miweleri, gök önümleri köpräk iýmek zerurdyr.

Hereket — saglygyň sakasy

Sagdynlygyň esasy gözbaşy hereket hasaplanýar. Saglyk—bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — ýaşaýyş. Ýaşaýşy bolsa hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan hereketde bolmaly. Hereketiň adam bedenini taplamakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr. Adam bedeni üçin fiziki maşklar peýdalydyr. Ýaşaýşyň gözelligi, asudalygy, bagtyýarlygy bolsa saglykdan başlanýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek bilen, onuň işjeňligini artdyrýar. Fiziki maşklar adam bedenine diňe bir gözellik bermän, ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär we ýürek-damar, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Mundan başga-da, gan aýlanyşygyny sazlaşdyrýar.

Kesellerden nädip goranmaly?

Möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin şu maslahatlary berjaý ediň: — Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly, ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Ynsan saglygy we kanunçylyk

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny has-da belende götermek, jemgyýetimiziň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň we durmuş üpjünçilik goraglylygynyň ýokarlanmagyny gazanmak wezipeleri hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Munuň şeýledigini 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygy aýdyň tassyklaýar. Mejlisde hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri geljekde hem dowam etdirilmelidigini, şonuň ýaly-da dürli ýokanç keselleri ýok etmek bilen bir hatarda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin hem ähli çäreleri görmelidigini belledi. Şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan bu kanun ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de, kanunyň düzgünleri adamyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna gön

Saglygym — baş baýlygym

■ Öýüň içini her gün tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly, ýelejiretmeli. Aşhana enjamlary gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk işlerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň! ■ Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy hökmanydyr. Elýaglyklar her gezek ýuwlansoň, ütüklenilse talabalaýyk bolar.

Mör-möjeklerden ägä boluň!

Ýaz paslynyň dowam edýän günlerinde ülkämiziň gözel ýerlerine gezelenç edip, dynç almaga gideninde raýatlarymyza zäherli mör-möjekleriň, ýylanlaryň çakmasyndan ägä bolmalydygyny ýatladýarys. Adamyň saglygyna zyýan ýetirip bilýän mör-möjekleriň dürli görnüşlerinden, ýagny çybyn-çirkeýlerden, siňeklerden goranmak üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmelidir. Tebigata gezelenje gideniňizde goranmak üçin teniň açyk ýerlerine 5 damja narpyz ýagy damdyrylan 1 nahar çemçe atyr çalnanda ýanyňyza balary, eşegary golaýlaşmaz. Bu ýagdaýy her 2 sagatdan gaýtalap täzeden çalyp durmaly.

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, gowy ukyňyzy alyň, dogry we kadaly iýmitleniň, gün tertibiňizi dogry düzüň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. Arassaçylyk düzgünlerini berk we doly berjaý ediň!

Gök önümler

Gündelik iýmitimiziň sanawynda gök önümler esasy orny tutýar. Olar ýokumly maddalara baýdygy sebäpli bedende doly mukdarda siňýär. Gök önümler iýmit önümçiliginde, lukmançylykda we kosmetologiýada giňden ulanylýar. Olar berhiziň düzümine girip, köp keselleriň öňüni almaga, bejermäge we dürli derman serişdeleriniň zyýanly täsirlerini, ýagly we ýokary kaloriýaly iýmitleri özleşdirmäge ýardam edýär.

Saglyk size ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Lukmanyň maslahatlary

ÝITI RESPIRATOR KESELLERDEN GORANYŇ! Ýiti respirator keseli tiz ýokuşýan kesel görnüşidir. Ol gürleşilende, üsgürilende, asgyrylanda howa-damja ýoly bilen bir adamdan beýleki adama geçip bilýär. Kesel birden adamyň bedeniniň gyzgynynyň galmagy, üşütme, üsgülewük, burnuň dykylmagy, beden etlerinde agyry bilen başlanýar. Kesele üns bermän, aýak üstünde geçirilende, ol öýken sowuklamasy, radikulitler, gaýmoritler, gulagyň sowuklama keselleri ýaly gaýra üzülmelere getirip biler. Ýiti respirator wirus keselleriniň ýokuşmazlygy üçin:

Almanyň ähmiýeti

Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanylýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, kalsiý, natriý) fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy. Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma örän peýdalydyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň fitobar işgäri Aýgül Agaýewa bu ýere gelýänlere dermanlyk otlardan çaý taýýarlap hödürleýär. Ol melhem çaýlardan içmäge gelýän her bir raýata ot-çöpleriň dermanlyk häsiýetleri, ynsan saglygyna peýdasy barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabyndaky maglumatlar esasynda maslahat berýär. A. Agaýewanyň taýýarlaýan melhem çaýlaryndan içip, hoşal bolýanlaryň ählisi oňa sagbolsun aýdýar.

At münmegiň saglyga täsiri

Toýlarymyzyň bezegi gamyşgulak bedewlerimiz diňe bir ýyndamlykda, gözellikde özüni tanatman, ynsan saglygy üçin hem peýdalydyr. At münmek arkaly saglygy bejermeklige ippoterapiýa diýilýär. Ippoterapiýanyň adam bedenine diňe bir fiziki taýdan däl-de, ruhy, bejeriş-dikeldiş täsiri hem has ýokarydyr. Ippoterapiýa esasan hem oňurga gyşarmalarynda, hereket sazlaşygynyň bozulmalarynda, myşsalaryň tutgaýly ýygrylmalarynda, şeýle-de, hirurgiki operasiýalardan soň hereketlenmek ukybyny dikeltmek üçin peýdalydyr. At münmek göwräni dik tutmaga, syratly bolmaga, fiziki we psihiki agrama hötde gelmäge, öz-özüňe baha bermek ukybyna, özüňi arkaýyn duýmaga, işjeň, ünsli bolmaga, gaharjaňlykdan, gyzmalykdan dynmaga hemaýat berýär.

Saglygym — baýlygym

Ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça arassaçylyk talaplaryny hem-de gündelik zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek doly we dogry berjaý edilmelidir. Köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý etmek işleri ýerine ýetirilmelidir. Biz sport mekdebimizde arassaçylyk işlerini tälimçilerdir türgenlerimiz bilen gündelik alyp barýarys. Biz mekdebimiziň türgenleriniň arasynda ýokanç kesellere garşy göreşmegiň zerurlygy barada giňişleýin gürrüňdeşlik işlerini geçirýäris. Ýurdumyz boýunça alnyp barylýan arassaçylyk düzgünlerini talaba laýyk berjaý edýäris.

Tämizlik — ygtybarly gorag

Adamyň derisi bedenini daşky täsirlerden goraýar. Ol mydama täzelenip durýar. Arassa, sagdyn deri saglygymyzyň gözbaşy, şonuň üçin hem derä wagtly-wagtynda ideg etmeli. Şeýle edilende, deri sagdyn bolýar. Ýetginjeklik döwründe ol has-da idege mätäç. Çünki bu döwürde, köplenç, jahyl düwürtikleri peýda bolýar. Bu kadaly ýagdaý bolup, derä dogry ideg edilende, onuň köpelmeginiň öňüni almak mümkindir. «Görk — agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly we dogry iýmitlenmek deriniň sagdyn bolmagyna oňaýly täsir edýär. Düzüminde köp mukdarda mal ýaglaryny saklaýan iýmit görnüşleri, şokolad, kofe, peýnir çendenaşa köp iýlip-içileninde, derä ýaramaz täsirini ýetirýär. Deriniň arassa we sagdyn bolmagyny isleseňiz, düwürtikleri özbaşdak gysmak, gaşamak, olary öý şertlerinde bejermek nädogrudyr. Sebäbi derä ýokançlaryň aralaşmagy, sowuklama getirmegi mümkin. Iň gowusy, şeýle bolanda, hünärmenlere (deri keselleri lukmanyna, kosmetologa) ýüz tutmaly. Kadaly iýmitlenmeli, arassa howada gezelenç etmeli, iş günlerini we dynç alşy sazlaşdyrmaly, ukynyň kadaly bolmagyny gazanmaly. Bedeni arassa saklamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýokumlara baý gök we bakja önümlerini iýmek deri üçin örän peýdalydyr. Esasan-da, sarymsagy, sogany, ter gök otlary, gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli. Mundan başga-da, maşgala agzalarynyň hersiniň el-ýüz süpürgiji, diş çotgasy aýratyn bolmaly.

Milli saglyk ulgamynyň ösüş ýoly

Döwletimizde raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, olaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny berjaý etmäge, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösmegine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn alnyp barylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu ulgamy yzygiderli ösdürmek boýunça täze maksatlaýyn işlere badalga berilmegi halkymyzy begendirýär. Çünki bu günki maksatlar ertirki günlerde durmuşa geçirilip, ösüşiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň degişli resminamasy bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde bellenilen esasy wezipeleriň hatarynda bitewi öňüni alyş ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşy dolandyrmagy kämilleşdirmek hem-de köpulgamlaýyn pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça maksatlaýyn işler bellenilýär. Häzirki döwürde saglyk meseleleri saglygy goraýyş ulgamynyň çäklerinden çykyp, ýaşaýyş-durmuş, bilim, daşky gurşaw, ykdysadyýet, jemgyýetçilik durmuşy we medeniýeti ýaly ugurlar bilen baglanyşýar. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak halkymyzyň we her bir adamyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde möhüm orun

Maşk etmegiň peýdalary

Bedeniň fiziki işjeňligini kadaly ýagdaýa getirmekde ertirki maşklary ýerine ýetirmek örän peýdalydyr. Adam ukuda wagty gan aýlanyşygy, bedeniň alyş-çalyş işjeňligi gowşaýar, akyl işjeňligi peselýär. Şonuň üçin-de, adam ukudan oýanan wagty biraz kadadan pes hereket edýär. Şeýle ýagdaý adam ukudan oýanandan soňra 1-3 sagadyň aralygynda dowam edip bilýär. Ukudan gowy açylmak, bedeni işjeň ýagdaýa getirmek üçin bogunlary we myşsalary türgenleşirmek, başga söz bilen aýdylanda, maşk etmek zerurdyr. Ir bilen maşk etmegiň peýdalary: