Saglygym — baýlygym

3 Maý 2021
960

Ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça arassaçylyk talaplaryny hem-de gündelik zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek doly we dogry berjaý edilmelidir. Köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý etmek işleri ýerine ýetirilmelidir.

Biz sport mekdebimizde arassaçylyk işlerini tälimçilerdir türgenlerimiz bilen gündelik alyp barýarys. Biz mekdebimiziň türgenleriniň arasynda ýokanç kesellere garşy göreşmegiň zerurlygy barada giňişleýin gürrüňdeşlik işlerini geçirýäris. Ýurdumyz boýunça alnyp barylýan arassaçylyk düzgünlerini talaba laýyk berjaý edýäris.