Ynsan saglygy we kanunçylyk

3 Maý 2021
894

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny has-da belende götermek, jemgyýetimiziň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň we durmuş üpjünçilik goraglylygynyň ýokarlanmagyny gazanmak wezipeleri hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Munuň şeýledigini 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygy aýdyň tassyklaýar. Mejlisde hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri geljekde hem dowam etdirilmelidigini, şonuň ýaly-da dürli ýokanç keselleri ýok etmek bilen bir hatarda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin hem ähli çäreleri görmelidigini belledi. Şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan bu kanun ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de, kanunyň düzgünleri adamyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň netijeli berjaý edilmegine gönükdirilendir.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.