"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Iordaniýa 1-nji, Katar 2-nji gezek finala çykdy

ÇÄRÝEK FINALDA Çär­ýek fi­nal­da Tä­ji­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Ior­da­ni­ýa bi­len du­şu­şyp, 1-0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Ýe­ke-täk go­ly mun­dan öň­ki tap­gyr­da tä­jik­le­ri öňe çy­ka­ran Ha­no­now 66-njy mi­nut­da ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­sin­den gi­riz­di.

Ussada ýeňiş ýaran

Boks boýunça ýaşlar ýygyndymyzyň wekilleri türkmen türgenleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň üstüni ýetirdiler. Olar ýakynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşda medallaryň 8-sine mynasyp boldular. Paýtagtymyzda, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda türgenleşýän ýaşlarymyz goňşy döwletdäki abraýly ýaryşdan bir altyn, bir kümüş we alty sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Türgenlerimiz halkara ýaryşda tejribeli tälimçi Maksut Şeripowyň ýolbaşçylygynda çykyş etdiler. Türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny 54 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Mekan Sabyrow gazandy. Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdepde bilim alýan ezber türgen dünýä döwletlerinden gelen garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, uly seslenme döretdi. Paýtagtymyzdaky 78-nji orta mekdebiň okuwçysy Ysmaýyl Gurbanberdiýew bolsa 60 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Paýtagtly türgenler Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň wekilleri bilen bilelikde, bürünç medallaryň altysyny gazandylar. Has takygy, 48 kilograma çenli agram derejesinde Akdepe etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurmyrat Saparow, 54 kilograma çenli agramda Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Meýlis Şadurdyýew, 56 kilograma çenli agramda paýtagtymyzdaky 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Hangeldi Lukmanow

Sport

Pälwanlar bäsleşdiler Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bu ulgamda tutumly işleriň bady artýar. Döwrebap sport mekdeplerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýan ýaş türgenleriň sany artýar. Bäsleşiklerde türgenlerimiz özleriniň ussatlyklaryny äşgär edýärler.

Toparyň nobatdaky üstünligi

«Arkadag» futbol topary Türkiýe Respublikasynda dowam edýän okuw-türgenleşiginiň çäklerinde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny üstünlikli geçirdi. Topar duşuşykda Demirgazyk Makedoniýanyň 11 gezek çempiony bolan «Wardar» futbol toparyny 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşykda türkmen toparynyň ýeke-täk goluny hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Yhlas bilen bir kämile gol berseň

Dünýä çempiony bolmak her bir türgeniň baş maksady. Şägirtleriniň hiç bolmanda ýekejesini bu ýokary derejä ýetirmek bolsa tälimçileriň hem esasy arzuwy bolsa gerek. Eger şeýle bolýan bolsa, dünýä çempionlarynyň 4-sini ýetişdiren halypanyň öz işiniň netijesinden näderejede hoşaldygyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Megerem, siz eýýäm gürrüňiň ýurdumyzda halkara derejeli sport ussatlarynyň köpsanlysynyň halypasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, «Gaýrat» medalynyň we birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi Baýramdurdy Halyllaýew barada gidýändigini aňan bolsaňyz gerek. Onuň kyrk ýyla golaý sport ýoly dogrusynda ýatlara we gürrüň edere pursatlar juda kän. Baýramdurdy aganyň özi ilkinji gezek göreş zalyna 13 ýaşyndaka agasy Ýusupjanyň yzyna düşüp gelýär. Şondan bäri onuň ýekeje güni-de sportsuz geçmändir. Öz ykbalyny sporta ymykly baglamagyna tälimçisi Paýzulla Rozmammedowyň ilkinji türgenleşikleriniň sebäp bolandygyny ýatlaýar. Ol häzirlerem türgenleşiklerinde şol ýetginjeklik ýyllarynda sporta ýaňy girişen pursatlarynyň hakydasynda janlanýandygyny aýdýar. Yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde Baýramdurdy aga halypalaryň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Mekdep ýyllarynda 62 kilograma çenli agram derejesinde birnäçe gezek ýurdumyzyň çempionlygyny gazanýar. Şeýlelikde, orta mekdebi tamamlandan soň Baýramdurdy Halyllaýew welaýat merkezimizi

Ýeňişli ýollaryň gözbaşy

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň guramagynda has güýçli türgenleri ýüze çykarmak we olary halkara derejesindäki bäsleşiklere taýýarlamak maksady bilen, ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Şeýle uly bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby türgenleri hem işjeň gatnaşyp, çempionlyk ugrunda ezberlik bilen bäsleşdiler. Ençeme ýyllap çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan gujurly türgen, leýtenant Baýram Gurbandurdyýew 60 metr päsgelçilikli ylgamak görnüşinde bäsdeşlerini yzda galdyryp, ýurdumyzyň çempionlygyny gazanmagy başardy. Ýurdumyzyň çempionatynda çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan harby talyp Döwletgeldi Baýramowyň hem bu gezek yhlasy myrat boldy. Ol 3000 metr aralyga ylgamak görnüşinde bäsdeşlerinden esli arany açyp, özüniň nobatdaky çempionlygyny yglan etdi. 800 metr aralyga ylgamakda bolsa, harby talyp Yhlas Annagylyjow baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de uly leýtenant Yhlas Gurbanow we borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Serdar Saparow dagy hem ýokary netijeleri görkezip, ýeňiş üçin mynasyp göreş alyp bardylar. Ýurdumyzyň güýçli sprintleriniň (ýyndamlar) bäsleşigi hasaplanýan 60 metr gysga aralyga ylgamakda geljekde çempionlyga garaşylýan harby talyp Abdyrahman Nurgeldiýew örän ýokary tizlik görkezip, ýeňiş ugrunda mynasyp göreş alyp barmagy hemmeleri haýran galdyrdy

Sagdyn durmuşa söýgi döredýän ulag

Welosiped ulagyň iň elýeterli, ekologiýa taýdan örän arassa, peýdaly we sagdynlygy üpjün edýän görnüşi bolup, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Welosiped sportunyň ösdürilmegi daşky gurşawy goramaga hem-de halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Welosiped sürmek adamyň bedenini taplap, umumy fiziki güýjüni we çydamlylygyny artdyrýar. Sportuň bu görnüşi aýratynam ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar, dem alyş ulgamyny güýçlendirip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär.

Küşt boýunça birinjilik

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde 8, 10, 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşy welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi bilelikde gurady. Küşt boýunça welaýatyň birinjiligine sport mekdeplerine gatnaýan oglan-gyzlar gatnaşdy. Her ýaş toparynda aýratynlykda geçen ýaryş ýaş küştçi oglan-gyzlara ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Gyzykly duşuşyklary bilen tapawutlanan ýaryşyň ýeňijilerine ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Spartakiadanyň welaýat tapgyry

Şu günler «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirilýär. Olara mekdep okuwçylary höwesli gatnaşmak bilen sport ussatlyklaryny görkezýärler. Änew şäherindäki sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçen ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan ýerli tapgyrlarda öňe saýlanan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.

Sport. Sport. Sport.

Çekeleşikli boldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş türgenleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen golaýda sport mekdebimizde welaýat sport komitetiniň guramagynda umumy fiziki taýýarlygy boýunça mekdebiň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa sport mekdebimiziň ýaş türgenleri gatnaşdylar.

Pälwanlarymyzyň nobatdaky ýeňişleri

Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça geçirilen welaýatyň açyk çempionaty ýaş pälwanlara güýçlerini synamaklary üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýaş derejeleriniň 3-si boýunça geçirilen tutluşyklara paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan türgenleriň 700-e golaýy gatnaşdy. Welaýatymyzyň ýaş pälwanlary ýaryşyň ilkinji gününden öz ussatlyklaryny görkezip, ýokary netijeleri gazandylar. Ýagny, 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen tutluşyklarda 16 agram derejäniň 14-sinde lebaply oglan-gyzlar birinji orny eýeläp, çempionlygyny gazandylar. Galan 2 agram derejesinde Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň türgenleri ýeňiji boldular. Türgenlerimiz bu ýokary üstünligi 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan dzýudoçylaryň arasynda guralan ýaryşlarda hem gaýtaladylar. Ýagny, bu ýaş derejesindäki ýaryşlarda dzýudoçylarymyz 16 agram derejäniň 9-sy boýunça birinjilige mynasyp boldular. Agram derejeleriniň 6-synda bolsa paýtagtly türgenler çempion boldular.

Ökdeler belli boldy

Biziň sport mekdebimizde ýaşlar sportuň sekiz görnüşi — tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, kik-boksing, badminton, gylyçlaşmak, boks, dzýudo, erkin göreş boýunça tälim alýarlar. Mekdebimiziň maddy-tehniki üpjünçiligi diňe bir türgenleşikleri däl-de, eýsem, welaýat, döwlet derejelerindäki ýaryşlary guramaga hem mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem mekdebimiziň binýadynda ýygy-ýygydan çempionatlar, birinjilikler geçirilip durulýar. Kik-boksing boýunça welaýatyň şu ýylky çempionatyny geçirmek üçin hem biziň mekdebimiz saýlanylyp alyndy. Oňa Türkmenabat şäherinden üç topar, Çärjew hem-de Dänew etraplarynyň hersinden bir topar gatnaşdy. Duşuşyklaryň netijeleri Türkmenabat şäheriniň türgenleriniň çempionata has gowy taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Onda biziň mekdebimiziň türgenleri gowy netijeleri görkezdiler. Olar 24 sany birinji, 20 sany ikinji we 32 sany üçünji orunlara mynasyp boldular. Şäheriň 9-njy sport mekdebiniň kik-boksçylarynyň 11-si birinji, 13-si ikinji we şonçasy üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Welaýat merkezindäki 3-nji sport mekdebiniň wekilleri bolsa 8 sany birinji, şonça ikinji hem-de 13 sany üçünji orunlary eýlediler. Çärjewli türgenler ýaryşy jemi 9 sany baýrakly orun bilen tamamladylar. Olaryň 2-si birinji, 3-si ikinji w 4-si üçünji orunlardyr. Dänew etrabyndan gelen kik-boksçylar bolsa öz hasabyna 1 sany birinji, 2 sany ikinji we 4 sany üçünji orun

Küşt ýaryşynyň welaýat tapgyry

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy oglanlaryň arasynda küşt ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etraplardan gelen küştçi oglanlar gatnaşyp, özara bäsleşdiler. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi tarapyndan guralan ýaryş gyzykly boldy. Onda özara bäsleşip, ukyp-başarnygyny görkezen ýaşlar küşt sportuna bolan höwesidir söýgüsini äşgär etdiler.

Aty sarpala, sporty söý!

«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024 Ata erk edip, ez­ber­lik bi­len öňe ok­du­ryl­ýan ça­pyk­su­war­la­ryň yh­las­ly ça­pu­wy­ny Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň bat­ly ga­dam­la­ry bi­len deňeş­dir­mek müm­kin. Çün­ki bi­ziň ös­ýän, öz­ger­ýän eý­ýa­my­myz­da be­dew ba­dy bar.

2023: futbol klublary rekord derejede pul sarp etdiler

FIFA-nyň web sahypasynda 2023-nji ýyldaky transferleriň hasabaty çap edildi. Ýylyň dowamynda serhedara 74836 sany transferiň geçirilendigi bellenilýär. Bu transferleriň, takmynan, 23689-sy (31,7 göterim) professionallar (erkekler we zenanlar klublary) tarapyndan amala aşyryldy, galan 51147 transfer (68,3 göterim) bolsa höwesjeňlere degişlidir.

Sag­dyn be­den­de — sag­dyn ruh

«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024 Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da döw­let de­re­je­sin­de ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak ba­bat­da edil­ýän asyl­ly ala­da­la­ryň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

«Arkadag» futbol topary täze möwsüme taýýarlanýar

«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024 «Ar­ka­dag» fut­bol klu­bu­nyň tür­gen­le­ri ýy­lyň il­kin­ji aý­la­ryn­da okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­nyň iki­si­ne gat­naş­ýar­lar. 29 tür­gen­den we 13 we­kil­den yba­rat to­par hä­zir­ki wagt­da 26-njy ýan­war — 12-nji few­ral ara­ly­gyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň An­ta­l­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na gat­naş­ýar. To­par şon­dan soň 16-njy few­ral — 4-nji mart ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu-Da­bi şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na gat­na­şar.

Sport habarlary gysga setirlerde

«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024 Ýur­du­my­zyň «Ahal» fut­bol klu­bu­nyň uk­ra­in to­pa­ry bi­len ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çir­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da «ua-fo­ot­ball.com» ha­bar ber­ýär.

Tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dy­ran sow­gat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri si­ziň öňü­ňiz­de sport üs­tün­lik­le­ri­niň tä­ze ga­py­sy­ny aç­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak, il­kin­ji no­bat­da, si­ziň pa­ýy­ňy­za düş­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mer­da­na we ýe­ňiş­li ýol­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­di­rip, siz türk­men tür­gen­le­ri­niň sport us­sat­ly­gy­ny hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, me­dal­la­ry ga­zan­mak ar­ka­ly su­but et­me­li­si­ňiz. Dür­li ýa­ryş­lar­da aja­ýyp ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak bi­len, eziz Wa­ta­ny­my­zyň baý­da­gy­ny al-as­man­da par­la­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň ab­raý-mer­te­be­si­ni go­ra­jak­dy­gy­ňy­za berk ynan­ýa­ryn» di­ýip, mer­da­na tür­gen­le­ri­mi­ze ýüz­le­nip aý­dan söz­le­ri bu gün ola­ryň her bi­ri­ni tä­ze-tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz­le­ri­ne bil­dir­ýän be­lent yna­my­ny öde­mek üçin yh­la­sy­ny, ukyp-ba­şar­ny­gy­ny, ze­hi­ni­ni aýa­ma­ýan tür­gen­le­riň bol­sa ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de müň­ler­çe­si bar. Şo­la­ryň bi­ri-de Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Rus­tam Gu­seý­now­dyr. Rus­tam hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Bal­kan kän» mü­dir­li­gi­niň Ba­leý­şem önüm­çi­lik meý­dan­ça­syn­da keb­şir­leý­ji bo­lup zä

Fe­de­ra­si­ýa­­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi

Ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da­ MMA (ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty) bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Han­mu­do sö­weş sun­ga­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­ly my­na­sy­bet­li gu­ra­lan açyk bi­rin­ji­li­gi­ň baş baý­ra­gy ug­run­da paý­tag­ty­my­za, Ahal hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ry­na we­kil­çi­lik eden tür­gen­le­riň 200-e go­la­ýy bäs­leş­di. Üç ýaş ara­ta­pa­wu­dy­ny öz içi­ne alan bi­rin­ji­lik­de uly ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­la­ryň wagt çäk­li­li­gi bäş mi­nu­ta deň bol­dy. Ýet­gin­jek­le­riň ring­de ge­çi­ren wagt­la­ry dör­t minut bolsa, spor­tuň ba­şa-baş sun­ga­ty gör­nü­şi­niň has kör­pe­je we­kil­le­ri­ne ýe­ňi­ji­ni kes­git­le­mek üçin üç mi­nut wagt be­ril­di. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de to­par­la­ýyn bäs­le­şik­de paý­tag­ty­my­zyň ýy­gyn­dy­sy öňe saý­lan­dy. Paý­tagt­ly tür­gen­le­ri bu ýa­ry­şa tej­ri­be­li tä­lim­çi­ler Oraz­gel­di Oraz­gel­di­ýe­wiň, Hak­ber­di Şa­gu­ly­ýe­wiň hem-de Şöh­rat Öwe­zo­wyň taý­ýar­lan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek. Gur­ban Öwez­gel­di­ýe­wiň, Eş­ret Gy­ly­je­wiň hem-de Hal­na­zar Me­re­da­ly­ýe­wiň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Ahal we­la­ýa­ty­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry ýa­ry­şy ikin­ji orun­da ta­mam­la­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň çy­ky­şy bol­sa (tä­lim­çi­si Şöh­rat Al­la­ýew) üçün­ji orun bi­len ta­mam­lan­dy.