Ussada ýeňiş ýaran

9 Fewral 2024
434

Boks boýunça ýaşlar ýygyndymyzyň wekilleri türkmen türgenleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň üstüni ýetirdiler. Olar ýakynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşda medallaryň 8-sine mynasyp boldular. Paýtagtymyzda, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda türgenleşýän ýaşlarymyz goňşy döwletdäki abraýly ýaryşdan bir altyn, bir kümüş we alty sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Türgenlerimiz halkara ýaryşda tejribeli tälimçi Maksut Şeripowyň ýolbaşçylygynda çykyş etdiler.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny 54 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Mekan Sabyrow gazandy. Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdepde bilim alýan ezber türgen dünýä döwletlerinden gelen garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, uly seslenme döretdi. Paýtagtymyzdaky 78-nji orta mekdebiň okuwçysy Ysmaýyl Gurbanberdiýew bolsa 60 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Paýtagtly türgenler Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň wekilleri bilen bilelikde, bürünç medallaryň altysyny gazandylar. Has takygy, 48 kilograma çenli agram derejesinde Akdepe etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurmyrat Saparow, 54 kilograma çenli agramda Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Meýlis Şadurdyýew, 56 kilograma çenli agramda paýtagtymyzdaky 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Hangeldi Lukmanow, 57 kilograma çenli agramda ýene-de şu ýerden 72-nji orta mekdebiň okuwçysy Hojamberdi Öweznyýazow, 67 kilograma çenli agram derejesinde Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdep-internatynyň okuwçysy Arzuw Bäşimow, 92 kilograma çenli agramda bolsa Aşgabatdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Mustapa Muhammetdurdyýew ýurdumyza üçünji derejeli medallar bilen dolanyp geldiler.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».