Yhlas bilen bir kämile gol berseň

7 Fewral 2024
480

Dünýä çempiony bolmak her bir türgeniň baş maksady. Şägirtleriniň hiç bolmanda ýekejesini bu ýokary derejä ýetirmek bolsa tälimçileriň hem esasy arzuwy bolsa gerek. Eger şeýle bolýan bolsa, dünýä çempionlarynyň 4-sini ýetişdiren halypanyň öz işiniň netijesinden näderejede hoşaldygyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Megerem, siz eýýäm gürrüňiň ýurdumyzda halkara derejeli sport ussatlarynyň köpsanlysynyň halypasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, «Gaýrat» medalynyň we birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi Baýramdurdy Halyllaýew barada gidýändigini aňan bolsaňyz gerek.

Onuň kyrk ýyla golaý sport ýoly dogrusynda ýatlara we gürrüň edere pursatlar juda kän. Baýramdurdy aganyň özi ilkinji gezek göreş zalyna 13 ýaşyndaka agasy Ýusupjanyň yzyna düşüp gelýär. Şondan bäri onuň ýekeje güni-de sportsuz geçmändir. Öz ykbalyny sporta ymykly baglamagyna tälimçisi Paýzulla Rozmammedowyň ilkinji türgenleşikleriniň sebäp bolandygyny ýatlaýar. Ol häzirlerem türgenleşiklerinde şol ýetginjeklik ýyllarynda sporta ýaňy girişen pursatlarynyň hakydasynda janlanýandygyny aýdýar. Yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde Baýramdurdy aga halypalaryň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Mekdep ýyllarynda 62 kilograma çenli agram derejesinde birnäçe gezek ýurdumyzyň çempionlygyny gazanýar. Şeýlelikde, orta mekdebi tamamlandan soň Baýramdurdy Halyllaýew welaýat merkezimiziň ýaş samboçylaryna tälimçilik edip başlaýar. Ol halypalygyň ýany bilen göreş meýdanynda güýjüni synamagyny hem dowam etdirýär. Bu bolsa onuň tälimçi hökmünde-de, türgen hökmünde-de kämilleşmegine uly itergi berýär.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.