"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Dürli derejeli medallar

Ýurdumyzyň ussatlar we milli ýygyndy toparlary üçin kämil türgenleri ýetişdirmekde sport mekdeplerine uly orun degişlidir. Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde hem sportuň görnüşleri boýunça zehinli, ukyply ýaş türgenleri saýlap-seçip almakda, ýüze çykarmakda hem-de olary taýýarlamakda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlaryň halypalyk etmeginde ýaş türgenlerimiz milli we halkara derejeli ýaryşlarda tapawutlanýarlar. Ýakynda taekwondo (ITF) boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy, halkara derejeli sport ussady Orazmyrat Çaryýewiň şägirtleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Çempionyň yzlyyzyna 2-nji ýeňşi

Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşy Latwiýanyň Liepaža şäherinde geçirildi. 20 aýlawdan ybarat bolan 300,13 kilometrlik ýaryşda soňky 2 möwsümiň çempiony Kalle Rowanpera ýeňiş gazandy. «Toyota Gazoo » toparynyň fin sürüjisi ýaryşy 2 sagat 31 minut 47,6 sekuntda tamamlady. Bu onuň bassyr 2-nji möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 14-nji ýeňşidir. Ýaryşda ýeňijiden 39,2 sekunt giç pellehana gelen «Toyota Gazoo » toparynyň başga bir sürüjisi, fransiýaly Sebastian Ožie 2-nji orna mynasyp boldy. «Hyundai Shell Mobis » toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňijiden 1 minut 4,5 sekunt yza galyp, 3-nji ýeri eýeledi. «M-Sport Ford» toparyndan fransiýaly Adrien Furmonyň 4-nji ýeri eýelän ýaryşynda sanawyň lideri belgiýaly Tierri Noýwill («Hyundai Shell Mobis ») 8-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, sürüjileriň sanawynda Tierri Noýwill 145 utuk bilen 1-nji orny eýeläp gelýär. 137 utugy bolan Ott Tanak 2-nji, 132 utukly Elfin Ewans 3-nji orunda barýar. Sebastien Ožieniň 4-nji, Adrien Furmonyň 5-nji orunda barýan sanawynda soňky 2 ýaryşyň ýeňijisi, häzirki çempion Kalle Rowanpera 86 utuk bilen 6-njy ýeri eýeleýär. Möwsümiň 9-njy ýaryşy 1-nji awgustda Finlýandiýanyň Ýuýaskýulýa şäherinde geçiriler.

2-nji saýlama tapgyrynda uly hasaply ýeňişler

UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirilip, uly hasaply, köp golly duşuşyklar bellige alyndy. Wengriýanyň çempiony «Ferenswaroş » topary Uelsiň çempiony «Nýu-Seýnts» toparynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi. Gollaryň 3-sini Adama Traore öz adyna ýazdyrdy. Norwegiýanyň «Bude- Glimt» topary öz meýdançasynda Latwiýanyň RFS toparyny, Polşanyň taryhynda ilkinji gezek çempion bolan topary «Ýagelloniýa » myhmançylykda Litwanyň çempiony «Panewežys » toparyny 4–0 hasabynda ýeňdi. Polýak toparynyň gollarynyň 3-sini Hesus Imaz derwezä girizdi. Azerbaýjanyň «Garabag » topary- da myhmançylykda Gibraltaryň «Linkoln Red Imps» toparyny Juninio we Baýramowyň gollary esasynda 2–0 hasabynda utdy. Çempion däl toparlaryň ýodasyndaky 2 duşuşykda 15 gol hasaba alyndy. Kiýewiň «Dinamosy » Polşada oýnalan duşuşykda Serbiýanyň «Partizan » toparyny 6–2 hasabynda ýeňdi. Ukrain klubunyň gollarynyň hersini- de başga- başga futbolçylar geçirdi. 7 goluň geçirilen oýnunda Türkiýäniň «Fenerbahçe » topary myhmançylykda Şweýsariýanyň «Lugano » toparyndan 4–3 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda türk klubunyň bosniýaly hüjümçisi Edin Jeko het-trik edip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady. Jogap duşuşyklary 30-njy we 31- nji iýulda oýnalar. «Ludogores » (Bolgariýa) — «Dinamo Minsk» (Belarus): 2–0; APOEL (Kipr) — «Petrokub Hinçeşti » (Moldowa): 1–0; «Ferenswaroş » (Wengri

Transfer täzelikleri

Fransiýanyň «Marsel » kluby «Premier Ligadan » 2 futbolçyny transfer etdi. «Mançester Ýunaýtediň » geçen möwsümi «Hetafede » kärendesine geçiren 22 ýaşyndaky wingeri 26+5 million ýewro transfer etdi. «Marsel » kluby Grinwudyň indiki transferinden gazanjak pulunyň 50 göterimini hem «Ýunaýtede » berer. Grinwud täze klubunda 10-njy belgide oýnar. «Marsel » kluby «Tottenhamdan » daniýaly ýarymgoragçy Pier- Emil Hýoýbergi hem transfer etdi. Fransuz topary 28 ýaşyndaky oýunçy bilen 1 ýyllyk kärendesine ylalaşyk gazandy. «Marsel » Hýoýbergi geljek tomusda 20 million ýewro berip ymykly transfer hem edip biler. Italiýanynyň «Milan » kluby Ýewropanyň çempionyny, ispaniýaly Alwaro Moratany düzümine goşdy. Italýan topary bu transfer üçin «Atletiko Madride » 13 million ýewro berer. 31 ýaşyndaky Morata milanlylar bilen 4+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Morata «Milanda » 7-nji belgili köýnekçäni geýer. Karýerasyna «Real Madridiň» ýaşlar düzüminde başlan Morata yklymyň güýçli klublarynda çykyş etdi. Ol «Real Madridde» (2010–2014, 2016–2017), «Ýuwentusda» (2014–2016, 2020– 2022), «Çelside» (2017–2019), «Atletiko Madridde» (2019– 2020, 2022–2024) dürli möwsümlerde oýnady. Morata çykyş eden klublarynda 589 oýunda 217 gol geçirdi. Morata milli toparda- da 80 duşuşykda 36 gezek tapawutlandy. Italiýanyň «Fiorentina » topary düzümine 3 futbolçy goşdy. Raffaele Palladinony tälimçilige bellän benewşe reňkl

4 ýylda 4 kubok

Bilşiňiz ýaly, milli ýygyndylaryň arasyndaky iň gadymy futbol bäsleşigi Kopa Amerika. Ýagny Günorta Amerikanyň çempionaty. Geçen duşenbe günki final bilen tamamlanan 48-nji Kopa Amerikada Argentinanyň ýygyndysy çempion boldy. Kubogy yzly- yzyna gazanan Argentina 16-njy gezek çempion bolmak bilen, tangoçylar ýaryşyň iň köp çempionlyk gazanan topary hökmünde bellige alyndy. Bu çempionatdan öň Urugwaý ikisiniň 15 çempionlygy bardy. 1970–1990-njy ýyllar aralygynda Argentinanyň ýygyndysynyň ady hemmäniň üns merkezinde bolup, esasanam ol Dünýä Kubogynyň iň uly topary hasaplanýardy. Ýöne 1990-njy ýyllaryň 2-nji ýarymyndan soň Argentinanyň ady tutulsa- da, olar çärýek asyrdan gowrak wagt bäri çempionlyk gazanmagy ýatdan çykardylar. Ynha, indi soňky 4 ýylda bolsa 4 kubok gazandylar. 4 ýyl mundan ozal, dünýä futbolynyň super ýyldyzy, adyny Pele, Maradona ýaly ägirtleriň ýanyna ýazdyran, hatda köplere görä, olardanam öňde bolan Messiniň milli toparda ýeke kubogy hem ýokdugy, futbol janköýerleriniň ýadyndadyr. Bir ganaty ýaraly guş ýaly, Messiniň bir tarapy göýdükdi. Munuň tersine çykyş eden kluby «Barselona » bilen bolsa gazanylmadyk kubok galmandy. Dürli- dürli karikaturalar döredilýärdi. Messiniň bir gapdalyndaky şkafda kubokdan ýaňa ýer ýok, beýleki tarapynda- da diňe 2 sanyjak kindiwanja zat – biri kubok, biri medal. Kubog- a 2005-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky (U20) Dünýä Kubogynyň çe

Iň köp medally türgenler

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Pariž 2024-e çenli iň köp altyn medal gazanan ýurt ABŞ bolup, amerikaly türgenler 28 Olimpiada gatnaşyp, 1065 altyn medal gazandylar. Amerikanlaryň 835 kümüş, 738 bürünç, jemi 2638 medaly bar. Bu ugurda ozalky SSSR-iň türgenleri 2-nji ýerde bolup, Soýuzyň adyndan wekilçilik eden türgenler 9 Olimpiadada 395 altyn medala eýelik etdiler. Olar 319 kümüş, 296 bürünç, jemi 1010 medal gazandylar. Şu wagta çenli geçirilen ähli Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 5 ýurduň biri bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri (beýlekileri Gresiýa, Şweýsariýa, Awstraliýa, Fransiýa) 285 altyn bilen 3-nji orunda barýarlar. Olaryň 319 kümüş, 314 bürünç, jemi 918 medaly bar. Geçirilen 29 Olimpiadada amerikaly türgenler 18 gezek medal sanawynda 1-nji orny eýelediler. Ozalky Soýuzyň türgenleri 6 gezek medal sanawynda birinji orny eýeläp, bu görkeziji boýunça 2-nji ýerde barýarlar. Irki ýyllarda Fransiýadyr Beýik Britaniýa hem-de Germaniýa 1 gezek medal sanawyny çür depede tamamlapdylar. Hytaýyň, şol sanda Birleşen toparyň topary hem 1 sapar tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ýeňijibolmagy başardy. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp medal gazanan türgen amerikaly ýüzüji Maýkl Felps bolup, ol 28 gezek ýeňiş münberine çykýar. Olimpiýa oýunlaryna 5 gezek gatnaşan türgen 23 altyn, 3 kümüş, 2 bürünç, jemi 28 medal gazanyp, bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar. Sanawda 2-nj

Medal sanawynyň başyny amerikaly türgenler çekýä

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Pariž 2024-e çenli iň köp altyn medal gazanan ýurt ABŞ bolup, amerikaly türgenler 28 Olimpiada gatnaşyp, 1065 altyn medal gazandylar. Amerikanlaryň 835 kümüş, 738 bürünç, jemi 2638 medaly bar. Bu ugurda ozalky SSSR-iň türgenleri 2-nji ýerde bolup, Soýuzyň adyndan wekilçilik eden türgenler 9 Olimpiadada 395 altyn medala eýelik etdiler. Olar 319 kümüş, 296 bürünç, jemi 1010 medal gazandylar. Şu wagta çenli geçirilen ähli Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 5 ýurduň biri bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri (beýlekileri Gresiýa, Şweýsariýa, Awstraliýa, Fransiýa) 285 altyn bilen 3-nji orunda barýarlar. Olaryň 319 kümüş, 314 bürünç, jemi 918 medaly bar. Geçirilen 29 Olimpiadada amerikaly türgenler 18 gezek medal sanawynda 1-nji orny eýelediler. Ozalky Soýuzyň türgenleri 6 gezek medal sanawynda birinji orny eýeläp, bu görkeziji boýunça 2-nji ýerde barýarlar. Irki ýyllarda Fransiýadyr Beýik Britaniýa hem-de Germaniýa 1 gezek medal sanawyny çür depede tamamlapdylar. Hytaýyň, şol sanda Birleşen toparyň topary hem 1 sapar tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ýeňijibolmagy başardy.

Tailanddan altyn medal!

16 — 24-nji iýul aralygynda Tailand Patyşalygynyň Siraça şäherinde sportuň erkin we grek-rim göreşi görnüşleri boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Aziýa yklymynyň 20 ýaşa çenli iň ezber türgenlerini bir ýere jemlän ýaryşa 16 döwletden 119 türgen gatnaşdy. Dürli agram derejesinde geçirilen gyzgalaňly tutluşyklar Aziýanyň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk görendiklerini ýüze çykardy.

Olimpiýa alawy, bäsdeşlerimiziň ykrarnamasy

Pariž Olimpiadasynyň açylyş dabarasynyň bosagasynda duran mahalyň görýän we eşidýän zatlaryň hemmesini bir sapaga düzäýmek aňsat däl. Çünki bize planetanyň iň iri sport baýramçylygy garaşýar. Onuň synagyndan geçmäge gelen 10 müňden gowrak türgeniň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysy hem mynasyp orun aldy. ***

Olimp belentliklerine tarap

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Sport: parahatçylygy, dostlugy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri

Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy döwletimiziň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Hut şundan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly,  jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Demokratik we hukuk döwletimizde ýurdumyzyň parahatçylygyny, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşyny, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alnyp, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Pa­riž Olim­pia­da­sy: türk­men tür­gen­le­ri­ne ynam uly!

26-njy iýul — 11-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­ýär. Her dört ýyl­dan bir ge­zek gu­ral­ýan bu giň ge­rim­li sport ýa­ry­şy­na Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri hem gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 22-nji iýul­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň Olim­pi­ýa we­ki­li­ýe­ti­ni ug­rat­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň köp san­ly we­kil­le­ri — Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Mil­li Olim­pi­ýa we Pa­ra­lim­pi­ýa ko­mi­tet­le­ri­niň, sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Olim­pi­ýa we­ki­li­ýe­ti­ni şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. We­ki­li­ýe­tiň dü­zü­mi­ne 19 adam, şol san­da spor­tuň dört gör­nü­şi — dzýu­do, agyr at­le­ti­ka, suw­da ýüz­mek, ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça çy­kyş ed­ýän 6 tür­gen gir­ýär.

Türk­men ral­li­çi­le­ri tej­ri­be­si­ni art­dyr­ýar­lar

14-nji ge­zek ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly» hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy Mon­go­li­ýa­nyň Ulan-Ba­tor şä­he­rin­de ta­mam­lan­dy. 13 döw­let­den 100-e go­laý to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da 11 gün­läp do­wam eden ýa­ryş­da oňa gat­na­şy­jy­lar 5 müň 243 ki­lo­metr­lik men­zi­li kül­ter­le­di­ler. Onuň Al­taý dag­la­ry­nyň we Go­bi çö­lü­niň çar­kan­dak­ly ýol­la­ryn­dan hem ge­çen­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek.

Sport.

Boksçylarymyzyň üstünligi Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Çempionata ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda mekdebimiziň boksçylarynyň ýeňşi bizi, diýseň, guwandyrdy. Has takygy, bu ýaryşda mekdebimiziň türgenlerinden Abdyresul Arslanow ýaryşyň çempiony bolmagy başardy hem-de ol şu ýylyň 27-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Saud Arabystan döwletinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem Daşoguz şäherinde döwlet derejesinde geçirilen çempionatda sport mekdebimiziň boksçy türgeni Perhataly Yhlasow 3-nji orna mynasyp boldy.

Beýik ynama, mukaddes borja wepalylyk

Di­ňe bir ýur­duň däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­niň gel­je­gi, yk­ba­ly, adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi hem-de öz­ge­ri­şi ýaş­lar bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Olar joş­gun­ly der­ýa ýa­ly­dyr. Ýaş­la­ryň müm­kin­çi­li­gi­ni, kuw­wa­ty­ny mil­le­tiň, adam­za­dyň haý­ry­na, dün­ýä­niň pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne peý­da­lan­mak, gül­läp ösü­şi üp­jün et­mä­ge, yk­bal­la­ry go­wu­ly­ga ta­rap öz­gert­mä­ge ukyp­ly ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek he­mi­şe esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, ýaş nes­le äh­li­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýär. Bu ha­ky­kat, äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da hem aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len, bu ugur­da giň ge­rim­li iş­ler, halk bäh­bit­li öz­gert­me­ler ýo­la go­ýul­dy. Bu gün­ki gün bol­sa: «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ul­gam has uly üs­tün­lik­le­re, ta­ry­hy ýe­ňiş­le­re bes­len­ýär. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­myz­da spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, oňa halk köp­çü­li­gi­niň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň iş­jeň çe­kil

Türk­men tür­gen­le­ri “Olim­pi­ýa oba­syn­da”

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­riň ýa­şa­ma­gy üçin Pa­ri­žiň de­mir­ga­zy­gyn­da «Olim­pi­ýa oba­sy» dö­re­dil­di. Iri sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň geç­ýän gün­le­rin­de bu ýer­de 14 müň­den gow­rak adam, şol san­da 9 mü­ňe go­laý tür­gen ýa­şar. Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň sport we­ki­li­ýe­ti 23-nji iýul­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da da­ba­ra­ly gar­şy­la­nyp, «Olim­pi­ýa oba­syn­da» ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň 10-njy ga­tyn­da türk­men baý­da­gy­na we «Te­am Turk­me­nis­tan» di­ýen ýaz­ga gö­züň dü­şen­de, ata Wa­ta­ny­my­za buý­san­jyň has-da art­ýar. Tür­gen­le­ri­miz soň­lu­gy bi­len döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na öw­rül­jek öz­bo­luş­ly sport oba­syn­da ýa­şa­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. To­mus­ky Olim­pia­da ta­mam­la­nan­dan soň ge­çi­ril­jek Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak 9 müň tö­we­re­gi tür­gen hem şol ýer­de ýa­şar.

Türkmen türgenleri tomusky Olimpiýa oýunlarynda

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Ýokary guramaçylykly dabara çuň many-mazmuna, şatlyk-şowhuna beslendi. Pariž Olimpiadasyna Türkmenistandan 19 adamdan ybarat sport wekiliýeti, şol sanda türgenler sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar.

Musa JALAÝEW, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

— Pariž Olimpiadasynda ata Watanymyzyň adyndan çykyş edip, türkmen sportunyň belent at-abraýyny dünýä ýaýmak baş maksadymyzdyr. Bize ýokary derejede ynam bildirip, hemmetaraplaýyn goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Nesip bolsa, döwletimiziň, mähriban halkymyzyň bildirýän ynamyny ödäp, ata Watanymyza ýeňiş bilen dolanyp gelmek üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Walentina MEREDOWA,Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

Ýoldaşlyk duşuşygyndaky ýeňiş

«Arkadag» futbol topary häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna taýýarlyk görmek üçin Rumyniýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Topar ýakynda geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň üçünji ligasynyň wekili «AKS Kids Tampa Braşow» klubuny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýoldaşlyk duşuşygynda «Arkadag» toparynyň düzüminde Resul Hojaýew, Didar Durdyýew hem-de Nazar Towakelow dagy tapawutlandy.

Kubok ugrundaky bäsleşik başlaýar

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy («Arkadag», «Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag») gatnaşar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde soňky iki orny eýelän «Merw» bilen «Şagadam» toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu toparlaryň arasynda geçiriljek oýunlaryň netijesinde ýeňiş gazanan topar bijä laýyklykda, çärýek finalda «Altyn Asyr» topary bilen duşuşar. Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler. Şeýlelikde, geçirilen bijä laýyklykda, beýleki çärýek final jübütlerini «Arkadag» — «Energetik», «Nebitçi» — «Aşgabat» hem-de «Ahal» — «Köpetdag» toparlary düzdüler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.