Pa­riž Olim­pia­da­sy: türk­men tür­gen­le­ri­ne ynam uly!

25 Iýul 2024
139

26-njy iýul — 11-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­ýär. Her dört ýyl­dan bir ge­zek gu­ral­ýan bu giň ge­rim­li sport ýa­ry­şy­na Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri hem gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 22-nji iýul­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň Olim­pi­ýa we­ki­li­ýe­ti­ni ug­rat­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň köp san­ly we­kil­le­ri — Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Mil­li Olim­pi­ýa we Pa­ra­lim­pi­ýa ko­mi­tet­le­ri­niň, sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Olim­pi­ýa we­ki­li­ýe­ti­ni şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. We­ki­li­ýe­tiň dü­zü­mi­ne 19 adam, şol san­da spor­tuň dört gör­nü­şi — dzýu­do, agyr at­le­ti­ka, suw­da ýüz­mek, ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça çy­kyş ed­ýän 6 tür­gen gir­ýär.