Sport.

25 Iýul 2024
142

Boksçylarymyzyň üstünligi

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Çempionata ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda mekdebimiziň boksçylarynyň ýeňşi bizi, diýseň, guwandyrdy. Has takygy, bu ýaryşda mekdebimiziň türgenlerinden Abdyresul Arslanow ýaryşyň çempiony bolmagy başardy hem-de ol şu ýylyň 27-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Saud Arabystan döwletinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem Daşoguz şäherinde döwlet derejesinde geçirilen çempionatda sport mekdebimiziň boksçy türgeni Perhataly Yhlasow 3-nji orna mynasyp boldy.