4 ýylda 4 kubok

26 Iýul 2024
146

Bilşiňiz ýaly, milli ýygyndylaryň arasyndaky iň gadymy futbol bäsleşigi Kopa Amerika. Ýagny Günorta Amerikanyň çempionaty. Geçen duşenbe günki final bilen tamamlanan 48-nji Kopa Amerikada Argentinanyň ýygyndysy çempion boldy. Kubogy yzly- yzyna gazanan Argentina 16-njy gezek çempion bolmak bilen, tangoçylar ýaryşyň iň köp çempionlyk gazanan topary hökmünde bellige alyndy. Bu çempionatdan öň Urugwaý ikisiniň 15 çempionlygy bardy. 1970–1990-njy ýyllar aralygynda Argentinanyň ýygyndysynyň ady hemmäniň üns merkezinde bolup, esasanam ol Dünýä Kubogynyň iň uly topary hasaplanýardy. Ýöne 1990-njy ýyllaryň 2-nji ýarymyndan soň Argentinanyň ady tutulsa- da, olar çärýek asyrdan gowrak wagt bäri çempionlyk gazanmagy ýatdan çykardylar. Ynha, indi soňky 4 ýylda bolsa 4 kubok gazandylar. 4 ýyl mundan ozal, dünýä futbolynyň super ýyldyzy, adyny Pele, Maradona ýaly ägirtleriň ýanyna ýazdyran, hatda köplere görä, olardanam öňde bolan Messiniň milli toparda ýeke kubogy hem ýokdugy, futbol janköýerleriniň ýadyndadyr. Bir ganaty ýaraly guş ýaly, Messiniň bir tarapy göýdükdi. Munuň tersine çykyş eden kluby «Barselona » bilen bolsa gazanylmadyk kubok galmandy. Dürli- dürli karikaturalar döredilýärdi. Messiniň bir gapdalyndaky şkafda kubokdan ýaňa ýer ýok, beýleki tarapynda- da diňe 2 sanyjak kindiwanja zat – biri kubok, biri medal. Kubog- a 2005-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky (U20) Dünýä Kubogynyň çempionlygy, medal bolsa 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasynda gazanylan altyn medaldy. Hatda Messiniň janköýerleri Dünýä Kubogyndan tamalaryny üzüp, iň bolmanda, yklym ýaryşynda bir ýeňiş gazansa diýip başlapdylar. Bu isleg Messiniň iň esasy bäsdeşi Ronaldonyň EURO 2016-da çempionlyk gazanmagyndan soň hasam möwjeýär. Messi bolsa iň bolmanda Kopa Amerika diýilýän ýaryşyň kubogynyň deňinden yzly- yzyna 2 gezek boýny aşak, ýüzi salyk ýagdaýda geçip gaýdýar. Aslynda 2016-njy ýyla çenli Ronaldonyň hem ýagdaýy şeýledi. Iki super ýyldyz üçinem milli topardaky karýeralary kuboksyz geçmegini dowam edýärdi we onuň şeýle- de bolmagyna garaşylýardy. Messi ikisine milli karýeralaryny kuboksyz tamamlaýjaklar ýaly diýilýärdi. Ýöne Ronaldo we ýoldaşlary 2016-njy ýylda Ýewropada, 2019- njy ýylda- da Milletler Ligasynda çempion bolup, Messiden öňe geçýär. Şol ýyllarda iki oýunçy deňeşdirilende milli topara gezek gelende, Ronaldonyň tarapdarlary bir ädim öňe çykyp gürleýärdiler: — Ronaldoda bar, Messide ýok — diýip. Ýöne esasy gürrüňler öňde ekeni. Argentinanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyny 1978-nji we 1986-njy ýyllarda gazanmagy başardy. Birinji çempionlykda Mario Kempesiň, ikinjisinde Maradonanyň tagallasy diýseň uludy. Dünýä Kubogynyň taryhyndaky ilkinji ýaryşyň finalynda Urugwaýdan utulan Argentina 1990-njy ýylda Maradonanyň, 2014-nji ýylda bolsa Messiniň oýnan final duşuşyklarynda ýeňlipdi. Şol soňky 2 finaldada Germaniýa 1–0 hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, 3–4-nji çempionlyklaryny baýram edipdi. Kopa Amerikada- da 1991-nji we 1993-nji ýyllarda yzly- yzyna gazanylan 14–15-nji çempionlykdan soň Argentina çempionlygy ýatdan çykarýar. 2004-nji ýyla çenli ýarym finala hem çykyp bilmeýär. Bilşiňiz ýaly, 1994-nji ýylda Dünýä çempionatynda Maradona doping ulanypdy. Şondan soň şowsuzlyklaryň yzy az bolmaýar. Messiniň milli toparda oýnap başlamagyndan soň täzeden argentinler hemmäniň ünsüni çekip başlady. Ýöne Messi bilenem garaşylýan başarnyk wagty bilen gelmedi, köp garaşdyrdy. Ilki Dünýä Kubogyny ýatlap geçeliň. Messiniň oýnap başlan 2006-njy ýylda çempionatda çärýek final, 2010-da Maradonanyň tälimçiliginde bolsa- da ýene- de çärýek final. 2014-nji ýylda goňşy brazillerde geçen çempionatda finala çykanam bolsa argentinler finalda Higuaniniň salyp bilmedik gollary, Di Mariýanyň şikesi ýaly sebäplerden utulypdy we ilkinji gezek ýewropalylar kubogy Günorta Amerikadan alyp gaýdypdy. 2018-nji ýylda Russiýadaky çempionatda bu gezek çärýek finala- da çykyp bilmediler. 2022-nji ýylda bolsa, şu ýerde gürrüňi Kopa Amerikadan dowam etdireli. Argentina 1959-njy ýyldan 1991-nji ýyla çenli, ýagny 32 ýyllap Kopa Amerikada kubok gazanyp bilmeýär, hatda wagtal- wagtal toparçadan hem çykmak başartmaýar. Dogry şol döwürde 2 gezek Dünýä Kubogyny gazanýar. 1989-nji ýyldaky bürünç medaldan soň 1991-nji we 1993-nji ýyllardaky çempionlyklar topary täzeden janlandyrýar. Ýöne bu janlanyş uzak bolmaýar. Edil gyş ukysyna giden ýaly, yzly- yzyna 3 ýaryşda çärýek finaldan gaýdýar. 2004-nji ýylda hem-de 2007-nji ýylda finala çyksa- da, brazillerden asgyn gelýär. Şol finallaryň ikinjisinde şol wagtlar ýaňy 20 ýaşan Messi hem bardy. Bu onuň ilkinji finalydy. 2011-nji ýylda çärýek finalda utulan Argentina we Messi üçin Kopa Amerikany gazanmagyň hyjuwa öwrülen ýyllary şondan soň başlanýar. 2015-nji ýylda Çilide geçen çempionatyň finalynda penaltileriň netijesinde ýer eýelerinden utulýar. Bir ýyldan soň ýaryşyň 100 ýyllygy mynasybetli ABŞ-da geçirilen çempionatyň finalynda ýene- de Çiliden ýeňilýär. Bu gezegem şol ssenariýa gaýtalanýar. 0–0-dan soň penaltilerde ýeňilýär. Şundan soň Messi milli topary taşlandygyny aýdýar. Şol kuboksyz geçen 30 ýyla golaý döwürde Argentinanyň ýygyndysyna Kopa Amerikany 2 gezek gazanan Alfo Basileden soň öz döwürleriniň men diýen Pasarella, Bielsa, Pekerman, ýene- de Basile, Maradona, Batista, Sabella, Martino, Bauza, Çiliniň ýygyndysyna 2 gezek Kopa Amerikany gazandyran Horge Sampaoli ýaly argentin tälimçileri ýygynda tälim berýär. Ýöne hiç birine- de başga ýygyndylarda ýa-da klublarda gazanan üstünliklerini Argentinanyň milli ýygyndysynda gaýtalamak başartmaýar. Ahyry 2018-nji ýylda Germaniýa 2006 Dünýä Kubogyna gatnaşan we şol ýaryşda Messi bilen çykyş eden ýaş tälimçi Lionel Skaloni wezipä bellenilýär. Oňa federasiýa uly ynam bildirip, ähli zady täzeden başlamagy tabşyrýar. Lionel Skaloniniň ilkinji işi atdaşyny topara çagyrmak üçin yrmak bolýar. Messi hem atdaşynyň, şol sanda tutuş Argentinanyň we beýleki futbol janköýerleriň haýyşyny ýykman teklibi kabul edýär. Argentina 2019-njy ýylda Kopa Amerikada ýarym finalda Braziliýadan utulyp, bürünç medal ugrundaky duşuşykda Çilini ýeňip bürünç medal gazanýar. Göräýmäge ozalkydan pes bolan ýaly, ýöne oýun babatda täzeçillik, toparyň düzümindäki oýunçylaryň ýaş bolmagy Skalonä bolan ynamy azaltmaýar. Ýyl 2021, ýer Braziliýa, 47-nji Kopa Amerika — ähli zadyň başlangyjy bolýar. Eger şol gezek hem bolmadyk bolsa... Toparçada 1-nji orny eýelän argentinler çärýek finalda Ekwadory ýeňillik bilen geçýär. Ýarym finalda Kolumbiýany penaltilerde ýeňip, finala çykýar. «Marakanada » oýnalan finalda- da Braziliýany Anhel Di Mariýanyň goly bilen 1–0 hasabynda ýeňip, ahyry «düýäni ýapdan geçirýärler ». Ýagny çärýek asyrdan gowrak ýetdirmedik çempionlyk ahyry gazanylýar. (Di Mariýa 2014-nji ýyldaky finalda- da oýnan bolsady...) Bu kubokly ýörişiň başlangyjy bolýar. Ajy, ýowuz günler yzda galýar. Şatlykly günler başlanýar... Argentina 2022-nji ýylyň tomsunyň ilkinji gününde Ýewropanyň çempiony Italiýany ýeňip, ençeme ýyldan soň dikeldilen Yklymlararasy kubogy hem gazanýar. Üstesine- de owadan oýun bilen. Indi gürrüňimizi Katardaky Dünýä Kubogyndan dowam edeliň. Aslynda argentinler bu çempionata garaşylmadyk ýeňliş bilen başlaýar. Saud Arabystanyndan 2–1 hasabynda utulan Argentina şol duşuşyga çenli 36 oýunlap ýeňilmändi. Köpler bu gezegem bolmajak ýaly- la, Messi şol Kopa Amerika, hemem Finalissimo kubogy bilen oňaýsyn diýlip başlanýar. Ýöne beýle bolmaýar. Taryhy finalda Fransiýany penaltileriň netijesinde ýeňen Argentina 34 ýyldan soň dünýäniň iň ulusy bolýar. Argentinler üçin 3-nji gezek Dünýä Kubogy Messiniň elinde ýokary göterilýär. Indi Messi futbolyň iň ulusydy. Futbolyň Messä Dünýä Kubogy bergisi bardy we futbol şol bergisini berýär. Şeýle super ýyldyz Dünýä Kubogynyň çempiony bolmazdan futboldan gitmeli däldi. Bu şeýle- de bolýar. Şu ýyla gelsek, 48-nji Kopa Amerikada o diýen owadan oýun görkezmeselerem kubogy gazanmak olara kyn düşmeýär we kuboksyz geçen şonça ýyldan soň 4 ýylda 4-nji kubok asmana göterilýär. Finalyň 64-nji minutynda Messi şikes alyp, oýundan çykanda ätiýaçda hemmäniň gözüniň öňünde gözýaş dökýär. Soňlugy bilen, duşuşyk tamamlanansoň Messiniň gözýaşlary şatlyga öwrülýär. Indi Messiniň üstüne abanyp duran Maradonanyň kölegesi, kuboksyz milli topar karýerasy ýok. Elbetde, Argentinanyň şu ýeňişlerine tälimçiniň hem goşandy diýseň uludyr. Skaloni milli ýygyndyny atdaşynyň daşynda jemleýär, ýagny Messi we ýoldaşlary ýa-da Messi we kömekçileri. Argentinanyň gazanan bu kuboklarynda ýenede 2 futbolçynyň goşandy hem az bolmaýar. Olaryň biri milli topar bilen hoşlaşan Anhel Di Mariýa, beýlekisi- de özboluşly häsiýeti bolan, penaltileri saklamagyň ussady, derwezeçi Emiliano Martinesdir. Argentinanyň kubokly ýörişi haçana çenli dowam eder, üstesine- de, goňşusy, futbolyň iň esasy ýurdy Braziliýanyň kuboksyz geçýän şu günlerinde tangoçylaryň ýeňişli ýörişleriniň haýsy wagtda tamamlanjakdygy belli däl. Ýöne gysga wagtda gazanylan bu taryhy ýeňişler futbolyň taryhynda uly yz galdyrar. Gazetiň sport synçysy.