Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

2 Noýabr 2022
1509

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň barha giň gerime eýe bolýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda Ahal welaýatynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda geçirilen «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Açyk asmanyň astynda, oba hojalyk toplumynyň 500-den gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda geçirilen bu giň gerimli forumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.

Bilşimiz ýaly, bu ýerde okuw sapagyny geçirmek meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu meseleler boýunça Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen okuw sapagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäriniň miweli baglaryň we üzümçilikleriň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň daş-töwereginiň ekologiki ýagdaýyna edýän täsiri baradaky çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Şeýle hem, bu ýere ýygnananlar miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň esaslary bilen tanyşdyryldy. Okuw sapagy tamamlanandan soňra diňleýjilere alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.