Ahal welaýaty, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna düýn amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, okuw sapagynyň geçiriljek ýeriniň täze gurulýan edara ediş merkeziniň golaýynda saýlanyp alynmagy tötänden däldir we onuň mazmuny bilen kesgitlenendir. Türkmen topragynyň ekerançylygyň işjeň ösýän bu ajaýyp künjeginiň tebigatynyň özboluşlylygy sebitiň ekologik abadançylygynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.