Zeminiň bezegi bolan agaçlaryň adamzat durmuşynda-da, tebigatyň täsinliliginde-de ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki agaçlar ýaşaýşymyz üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýar, howany tozandan tämizleýär. Ýurdumyzda her ýyl millionlarça düýp agaç ekilip, her bir şäheriň, dag eteklerindäki, akabalaryň we derýalaryň, deňziň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäkleri giňelýär. Netijede, türkmeniň sahawata we berekede baý giň sähralary ýaýylyp ýatan bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwrülýär. Güneşli ülkämiziň barha giňeýän tokaý zolaklary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär hem-de tomus paslynyň yssysyny gowşadýar, gyş paslynda bolsa çapgyn ýellerden goraýar. Şeýle hem tokaý zolaklary bioköpdürlülige, täze ýerlere göçýän guşlaryň, haýwanlaryň görnüşleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Ýaşyl zolaklar «şäheriň öýkeni» hasaplanyp, dürli görnüşli ösümlikler şäherlerimize bezeg bolmak bilen bir hatarda, daşky gurşawyň sagdynlaşmagynda esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Agaçlar howany hapalaýjy maddalardyr tozan bölejiklerinden arassalaýan süzgüç mysalydyr. Olar kömürturşy gazyny, azot oksidleri kükürt oksidleri özüne siňdirip, howany tozandan, gurumdan, tüsseden saplaýarlar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bir düýp agajyň ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod bölüp çykarýandygy anyklandy. Ýaşyl zolaklaryň awtoulaglaryň, otlularyň, uçarlaryň sesini, gurluşyk ýerlerinden eşidilýän galmagaly peseltmekde täsiri uludyr. Şeýle hem, şäherde gurnalan ýaşyl zolaklar tomsuna howanyň aşa gyzmagynyň öňüni alýar. Gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga bürenen seýilgähdir ýaşyl zolaklar töwereginde ýaşaýan adamlara ýakymly täsir edýär. Olar keýpiçag, ruhubelent bolýarlar, arassa howa gurşawy adamlaryň sagdyn bolmagyna getirýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, günde ýörişe çykýan adamlar daş-töwerekdäki bagy-bossanlygyň ajaýyp görnüşlerinden lezzet almak bilen birlikde, arassa howa gurşawynyň rahatlandyryjy täsirinden ruhlanýarlar. Bu bolsa ukusyzlykdan, dartgynlylykdan, demgysmadan ejir çekýän adamlar üçin has peýdalydyr.