Sagdyn sazlaşyk

18 Oktýabr 2022
1655

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda adam saglygy hakynda edilýän aladalar köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň sagdynlyk baradaky asylly ýörelgeleri halkyň ruhy taýdan kämil, fiziki taýdan sagdyn bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzyň ekoulgamyny, ajaýyp bagy-bossanlyklaryny, tokaýlaryny gorap saklamak, olary ylmy taýdan ösdürmek boýunça döwletimiz tarapyndan möhüm işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturtmak däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatyny ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri, bilen yzygiderli üpjün etmek baradaky tabşyryklary esasynda miweli baglaryň ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmegiň esasy çeşmeleriniň bir bolup durýar.

Aşyrnepes GYLYJOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.