Daşky gurşawy goramak — möhüm mesele

10 Awgust 2022
1491

«Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tebigaty goramak babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Biziň örän gözel hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsine baý tebigatymyz bar. Şol gözelligi hem-de baýlygy goramak bolsa hemişelik mesele bolup durýar. Hazaryň türkmen kenarynda bu günki gün owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kemala getirilmegi, Garagum sährasynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmegi we bu ümmülmez sährada «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy ýurdumyzda ekologiýa meselesini çözmekde umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.

Amangeldi Nazarow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.