Daşky gurşawy goramak mukaddes borçdur

20 Iýul 2022
1632

Ýurdumyzda daşky gurşawy we ekologiýany goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, tebigatymyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Aslynda, Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, tebigaty goramak, bu babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berip gelýär.

Daşky gurşawy we ekologiýany gorap saklamagyň meseleleriniň birnäçe ugurlary bolup, olary çözmekde kanunçylyk möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzda soňky ýyllarda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologiki serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle Kanunlaryň çäklerinde tebigaty, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy.

Sultan Haýydow,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi, 3-nji derejeli ýurist.