De­giş­li şa­ha­dat­na­ma­ny al­dy

4 Noýabr 2021
1933

Ýa­po­ni­ýa­nyň «SkyD­rive» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dü­ren, dik­li­gi­ne uçup hem go­nup bil­ýän ula­gy la­ýyk­lyk ser­ti­fi­ka­ty­ny al­dy. Kom­pa­ni­ýa uç­ýan tak­si­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ýar we olar bi­len sy­nag uçuş­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de uç­ýan ulag­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Em­ma ola­ryň ýol he­re­ke­ti­ne go­şul­ma­gy­na hä­zir­lik­çe rug­sat be­ril­me­ýär. Mu­nuň üçin ka­da­laş­dy­ry­jy düz­gün­le­riň ka­nun­çy­ly­ga gi­ri­zil­me­gi­ne ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Mun­dan ozal «SkyD­rive» kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýyl­da Osa­ka­da ge­çi­ril­jek Bü­tin­dün­ýä EKS­PO ser­gi­sin­de uç­ýan ulag­la­ry­ny hyz­ma­ta hö­dür­le­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp taý­ýar­lan «SkyD­rive SD-03» at­ly ula­gy­na ýur­duň gu­ry­ýer, inf­rast­ruk­tu­ra, gat­naw we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ber­len res­mi­na­ma onuň di­zaý­ny­nyň, gur­lu­şy­nyň we kuw­wa­ty­nyň uç­ýan se­riş­de üçin ge­rek­li howp­suz­lyk we daş­ky gur­şaw ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün ed­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.

Ýurt­da şeý­le res­mi­na­ma il­kin­ji ge­zek be­ril­ýär. Kom­pa­ni­ýa «SkyD­rive SD-03»-i dün­ýä­niň iň ki­çi uç­ýan aw­tou­la­gy hök­mün­de iş­läp taý­ýar­la­dy. Bu ula­gyň dö­re­dil­me­gi­ne «Toyo­ta Mo­tor» we «Mit­su­bis­hi Heavy In­dust­ri­es» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri hem gol­daw ber­di. Kom­pa­ni­ýa ge­çen ýy­lyň aw­gus­tyn­da bu ula­gyň il­kin­ji sy­nag uçu­şy­ny köp­çü­li­giň öňün­de ama­la aşy­ryp­dy.