Döwletli ýörelge

2 Iýun 2021
1429

Watan ezizligi, Watan mukaddesligi ähli zatdan belentde durýar. Eziz Watanymyz hakyndaky aýdym-sazlary diňläniňde kalbyň joşa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz dostlugyň, doganlygyň gülleýän bagtyýar mekanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasaty hem-de energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary barha rowaçlanýar. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge, Günorta — Gündogar Aziýanyň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigini, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýratyn nygtaýar.

Gunça GARAHANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.