Baş maksat — çagalaryň röwşen geljegi

1 Iýun 2021
1533

Türkmenistanyň ähli çagalaryny we maşgalalaryny her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde giňden bellenilýän möhüm baýramçylyk — Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilip, şondan bäri çagalary hormatlamaga we olaryň hukuklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär. Çagalaryň hukuklary 32 ýyl mundan ozal dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen halkara ylalaşykda — BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda kesgitlenip, ol kimdigine hem-de nirede ýaşaýandygyna garamazdan, çagalaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu möhüm resminamany Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1994-nji ýylda tassyklady.

Kristina WEÝGAND,
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili.