Gün hakynda gyzykly maglumatlar

15 Aprel 2021
2693

Köp adamlar Günüň reňki sary ýa-da mämişi diýip pikir edýärler, aslynda onuň reňki akdyr.
***
«Atmosferanyň dargatmagy» netijesinde Gün şöhlesiniň reňki sary görünýär.
***
Gün biziň galaktikamyz bolan «Akmaýanyň ýolunyň» daşyndan aýlanýar.
***
Günüň doly aýlaw etmegi üçin 225-250 million ýyl gerek bolýar.
***
Gün bilen Ýeriň aralygy 150 million kilometr bolup, onuň şöhlesi ýere 8 minutda gelýär.
***
Bize Günden soňky ikinji ýakyn asman jisimi Sentawra ýyldyzydyr.
***
Günüň diametri 1 392000 kilometr bolup, Ýeriň diametrinden 109 esse uludyr.
***
Gün tutulma hadysasy bir ýylda azyndan iki gezek bolup geçýär. Ýer ýüzüniň haýsy hem bolsa bir nokadynda doly Gün tutulmasyny ortaça 200 — 300 ýylda bir gezek synlap bolýar.
***
Tomsuna gündiziň dowamlylygy Maltada (Günorta Ýewropa) 10 sagada, Samarkantda (Özbegistan) 15 sagada, Stokgolmda (Şwesiýa) 18 sagada, polýar aýlawyň aňyrsynda ýerleşýän Şwesiýanyň Kiruna şäherinde bolsa, 24 sagada ýetýär.
***
Kirunada gyş paslynyň dowamynda Gün görünmeýär.
***
Marokkoda (Demirgazyk Afrika) we Brisbende (Awstraliýa) ýylyň dowamyndaky güneşli günleriň sany 300-e ýetýär.
***
Her sekuntda Günüň düzümindäki wodorodyň 700 milliard tonnasy ýanýar.

Gurbanjemal NIÝAZOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy.