«Menekli köl»

11 Aprel 2021
1812

Kliluk köli – Ýer togalagynyň özboluşly kölleriniň biri bolup, ol Kanadada ýerleşýär. Bu kölüň özboluşly aýratynlygy hem üsti gaty çarçuwaly köp reňkli tegmiller bilen örtülenligidir. Köl daşky görnüşi bilen göreni haýran edýär. Kölüň ini 250 metr we uzynlygy 700 metre golaý. Magniý, kalsiý, natriý, kümüş we titan sulfaty ýaly minerallar kölüň suwunyň reňkine özboluşly täsir edýär. Şeýle hem onda kalsiýniň we natriý sulfatynyň uly ätiýaçly gorlary bar. Bu ýerde mikroorganizmleriň käbir görnüşinden başga janly-jandar ýaşamaýar.

Kliluk köli adaty köle meňzese-de, tomsuň yssy günlerinde özboluşly görnüşe eýe bolup başlaýar, suwy bugarýar. Bu döwürde kölüň üstünde dürli şekilli we reňkli tegmiller, menekler emele gelýär. Tegmilleriň reňki möwsüme we howa şertlerine görä üýtgeýär. Tegmilleriň üsti güýçli gaty gabyk bilen örtülip, hatda üstünde gezim hem edip bolýar.

Aýjemal ORAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.