Arassaçylyk düzgünleri

31 Ýanwar 2021
1829

Keseli bejereniňden öňüni almak aňsatdyr. Munuň üçin her bir adamyň saglygyna aýawly garamagy we ony goramagy zerurdyr. Lukmançylykda arassaçylyk düzgünleri dogry berjaý edilende dürli ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýandygy ylmy taýdan we durmuş tejribesinde subut edilendir. Şu nukdaýnazardan, biziň her birimiz arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegi öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Köp keselleriň iýmitiň, suwuň üsti bilen geçip, agyz boşlugyna düşýändigi üçin arassaçylyga juda üns bermelidiris.

Tämiz howa immun ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar we kesele garşy göreşijilik ukybyňy güýçlendirýär. Öýde çygly arassalaýyş işlerini wagtly-wagtynda geçirip, tozan bolmazlygyny gazanmaly. Ol adamyň gözüne görünmeýän ýokançlary ýok edýär, dynç alynýan wagtynda ýokary dem alyş agzalaryň işjeňligini gowulandyrýar. Öýde dürli görnüşdäki galyndy böleklerini üýşürmeli däl.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.