Saglygyň sargydy

27 Ýanwar 2021
1456

Köp çarşenbäni başyndan geçiren paýhasly akyldarlar ylym-bilime uly ähmiýet beripdirler. Çünki ylym-bilimiň çägi ýok, näçe öwrenseň, öwrenilmedik zatlar ondan-da has köpdügine göz ýetirýärsiň. Bilimsiz-ylymsyz öňegidişlik hem bolmaýar. Onsoňam, adam diňe tebigat we onda bolýan üýtgeşmeler bilen ysnyşykly ýaşamaly. Tebigy hadysalara düşünmek üçin hem ylym gerek, onda-da her ugurdan gerek. Ol ýagdaý lukmançylyk ylmyna we amalyna hem degişlidir. Tebigat bilen adam saglygynyň biri-birine gatnaşygyny öwrenmek hem-ä çylşyrymly, hem-de kyn mesele. Geçmişde hem ylym bilen içgin gyzyklanan adamlar Günüň, Aýyň aýlanyşynyň adam saglygyna ýetirýän täsiriniň barlygyny bilipdirler. Öz döwründe Abu Aly ibn Sina bu barada adamyň sagdynlygynyň daşky gurşaw bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyny belläp geçipdir. Şeýle seretseň, janly zadyň durmuşda özüne degişli ýaşaýşy, ösüşi we özboluşlylygy bar. Tebigata ünsli seretseň, bolýan hadysalar düşnükli ýaly, ýagny ösümliklerem, haýwanlaram biri dagda, beýlekisi çölde, ýene birisi suwda ýaşaýar. Biriniň bedeni sowuga, beýlekileri yssa çydamly, üçünji topar aram howada ýaşap bilýär, diýmek, olaryň bedenleri ýerli ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşandyr. Tebigat üýtgese, olaram üýtgeýärler, ýa-da degişli ýere göçmeli bolýarlar. Emma, adam tebigatda nähili ýaşamaly, nähili özüne seretmeli? Adam öz bedenine näderejede düşünmeli, näsaglyk ýüze çyksa nämäni özi bejermeli, nämede lukman bilen maslahatlaşmaly!? Pelsepeçi Sokratyň: «Adamyň ilki ruhuny bejermeseň, beden agzalaryny bejerip bolanok» diýen pikirine nähili düşünmeli?!

Grek atalar sözünde sagdyn bolmak üçin adama üç ýagdaýyň: ýagny açlygyň, sowugyň we ylgamagyň gerekligi bellenilýär. Lukmançylyk ylmynyň subutnamasy boýunça adamyň ýaşyny ikä bölüp bolýar: senenama ýaşy, ýagny, doglan günüňden gün we sagat boýunça hasaplanýan, hem-de biologiki ýaşy, ýagny, daşky we içki agzalaryň durkuny we işjeňligini görkezýän ýaş. Ol ikisi biri-birine kybapdaş gitmelimi, ýa-da aýry-aýry düşündirişi barmy?! «Adam durmuşda näçe ýaşap biler?» diýen soraga jogap barmy?! Alym Buýffony aýtmagyna görä, ýaşaýşyň dowamlygy bedeniň ösýän döwründen 5-7 esse köp bolmaly. Meselem, it

Çary NAZAROW,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty