Täze ýyl baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly dabaraly çäre geçirdik. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň işgärleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýetip gelýän täze ýylyň hem tamamlanyp barýan ýylymyz ýaly rysgal-bereketli bolmagy, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.