Italiýanyň «UniCredit» banky Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndaky paýyny artdyrdy. Indi italýan bankyna nemes bankynyň 28 göterim paýnamalary degişlidir. Şeýle-de italýan bankynyň berýän maglumatlaryna görä, ýakyn wagtda «UniCredit» «Commerzbank» bankyndaky paýnamalarynyň göterimini 29,9-a ýetirmegi meýilleşdirýär.
Russiýanyň «T–Bank» banky şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda girdejisini 41 göterim, «RosBank» banky bolsa 83 göterim ýokarlandyrdy. Bu görkezijiler, degişlilikde, 58 milliard rubla we 54 milliard rubla deňdir.