Geçen hepde Doha şäherinde geçirilen dabarada FIFA tarapyndan futbol dünýäsinde «Ýylyň iň gowulary» yglan edildi. Oňa laýyklykda, «Realyň» 24 ýaşly braziliýaly wingeri Winisius Žunior «Ýylyň iň gowy erkek futbolçysy» diýen ada eýe boldy. Ol bu ugurda geçirilen ses berlişikde topardaşy Jud Bellingemden hem-de «Mançester Sitiniň» wekili, «France Footbal» tarapyndan «altyn topa» mynasyp görlen Rodriden öňe saýlanmagy başardy. Şeýle-de FIFA tarapyndan «Realyň» halypasy Karlo Ançelotta «Ýylyň iň gowy tälimçisi», «Aston Willanyň» argentinaly derwezeçisi Emiliano Martinese «Ýylyň iň gowy derwezeçisi» üçin niýetlenilen baýraklar gowşuryldy. «Mançester Ýunaýtediň» argentinaly hüjümçisi Alehandro Garnaço bolsa «Ýylyň iň owadan golunyň» awtory hökmünde ykrar edildi.