Administratiw önümçilik hakynda kanunçylyk

19 Dekabr 2024
108

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlap, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Watanymyzda ýetilýän belent sepgitler we gazanylýan uly üstünlikler buýsandyrýar.  Milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen berkidilip, has-da döwrebaplaşdyrylmagy esasy ugurlaryň hataryndadyr. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna,  «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durmuşa mäkäm ornaşmagyna gönükdirilendir.

Hukugyň islendik pudaklarynda bolşy ýaly, administratiw hukugynyň hem öz predmeti bar. Ol bu pudagyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemidir. Administratiw hukugynyň häsiýetli aýratynlygy onuň jemgyýetde ýüze çykýan gatnaşyklaryň tutuş toplumyny düzgünleşdirmäge kesgitli bir derejede gatnaşýandygyndan ybarat. Administratiw hukugy,  şol bir wagtyň özünde, döwlet edaralarynyň hukuklaryny, ygtyýarlyklaryny kesgitlemek bilen birlikde, administratiw önümçiligiň gatnaşyjysy bolup durýan  her bir aýratyn şahsyň (fiziki we ýuridik şahslaryň), raýatyň hem hukugy bardyr. Administratiw hukugynyň kadalary öz tebigaty boýunça jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik ýaşaýşynda ýüze çykýan hadysalaryň we ýagdaýlaryň öňüni almaga gönükdirilendir.

Rahman HOJIÝEW,
Mary welaýat kazyýetiniň başlygy.