Bol hasylyň aladasynda

16 Dekabr 2024
149

Ak bugdaý etrabynyň “Üzümli toprak” daýhan hojalygy welaýatymyzda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Annageldi Annaýewiň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygy boýunça şu ýyl däne ýetişdirilen 85 gektar meýdandan bugdaýyň 400 tonna golaýy alyndy. Bu üstünlik hojalygyň zähmetkeşlerini täze-täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Şeýle bolansoň, gürrüňi edilýän daýhan hojalygynda geljek ýylyň galla hasylynyň aladasyna irgözinden girişildi.

Birkemsiz sürüm, tekizlemek, geriş çekmek işleriniň irki möhletlerde geçirilip, güýzlük däne ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy kadaly gögeriş gazanylmagyna getirdi. Häzirki günlerde daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlary ýaşajyk maýsalara beslenip, göreniň göwnüni göterýär. Günsaýyn boý alýan maýsalara daýhan yhlasy bilen ideg edilýär. Bu bolsa geljek ýylda sahawatly toprakdan ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirmäge şert döredýär.

Maýsa MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.