“Şäherleriň seresi sen - ak şäherim Aşgabat”

11 Dekabr 2024
126

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, saglykda, sportda, ylym-bilimde, gurluşyk pudagynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylyp, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalary ýazylýar. Döwlet Baştutanymyz pederleriniň ýoluny tutup, döwlet başyna geçen gününden başlap, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek, ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek we onuň halkara abraýyny has-da belent derejelere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalaryny siňdirýär. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki sebitlerde gurulýan beýik-beýik binalar, depesi göge ýetýän minaralar pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň gaty alyslara uzaýandygyndan habar berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda gün-günden pajarlap ösýän paýtagtymyz milli binagärlik sungatymyzyň iň soňky gazananlarynyň Ýewropa biçüwleri bilen utgaşdyrylmagyndan bütinleý diýen ýaly täze keşbe girdi. Nesillerimize ebedi miras galan gadymy binagärlik senedi türkmen halkynyň häzirki eşretli hem-de nurana günlerinde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde beýik sungat derejesine ýetirildi. Muňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ak şäherimiz Aşgabatda bina edilen depesi tylla gümmezli köşgi-eýwanlary, başy bulutlary guçýan belent ymaratlary, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, türkmen myhmansöýerliginiň nusgasyna öwrülip öwşün atýan ak mermerli owadan myhmanhanalary, göwünlerimiziň joşgunyna, kalbymyzyň perwazyna meňzäp asmana atylýan, biri-birinden täsin suw çüwdürimler toplumlaryny, gözel Diýarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän, ynsanlary biri-birine golaýlaşdyrýan rowana ýollary mysal getirmek mümkin.

Feride SEÝIDOWA,
Çärjew etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.