Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

7 Dekabr 2024
134

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolandygy aýratyn bellenildi. Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde hem tassyklanylýar. Saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar hem muňa güwä geçýär. Bu maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly düýpli eseriniň ylmy binýady bolup hyzmat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda-da Beýik Ýüpek ýoly we onuň ähmiýeti barada gyzykly maglumatlaryň bardygyny nygtamak gerek. Onda ata-babalarymyzyň uzak ýurtlar bilen ýola goýup başlan söwda gatnaşyklarynyň örän gadymy döwürleri öz içine alýandygy baradaky maglumatlara üns çekilýär. Bu eserde bellenilişi ýaly, hut şol döwürlerde, ýagny Goňurdepe eýýamynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalaryna öwrülen kerwen ýollary döräp başlapdyr. Milli Liderimiz bu kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň mazmunyna siňen baý taryhymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmagyň bize goňşularymyz, alys ýurtlardaky dostlarymyz bilen dostana gatnaşyklary barha çuňlaşdyrmaga esas berýändigine ünsi çekýär.