Öm­rü­ňiz uzak bol­sun, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz!

6 Dekabr 2024
134

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda biziň «Zaman-Türkmenistan» gazetimiz barada hem nygtap geçdi. «Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär» diýip, milli Liderimiz belledi.

Ga­raş­syz ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryp, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ös­dür­ýär. Ýur­du­my­zyň ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýan gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri hem Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyn­dan ugur alyp, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­na syn­çy de­re­je­sin­de gat­naş­ýar. Ýur­du­myz­da bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe hal­ka­ra dü­züm­ler, hu­su­san-da, gu­ra­ma­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi, Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy, Tür­ki aka­de­mi­ýa, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň we mi­ra­syň hal­ka­ra gaz­na­sy, Tür­ki söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ge­ňeş­le­ri we gu­ra­ma­la­ry, şol san­da Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi tür­ki döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi TDG-niň mas­la­hat be­ri­ji gu­ra­ma­sy­dyr. Onuň dü­zü­mi­ne bel­li jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­niň ha­ta­ryn­dan bel­le­nil­ýän Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry gir­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz