Alyslara uzaýan menziller

5 Dekabr 2024
152

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň dostluk ýollarynyň geriminiň has giňelmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýanyň paýtagtynda geçirilen 16-njy mejlisine, şeýle-de BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy-da taryhy kökleri asyrlaryň aňyrsyna uzaýan gatnaşyklarda täze sahypa boldy.

Kökleri bir halklaryň halkara guramasynyň ýoly öz gözbaşyny 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndan alyp gaýdýar. Şol taryhy senede, Türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Nahiçewanda geçirilen sammitinde döredilen gurama Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde goşuldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bolsa bu gurama 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda synçy hökmünde kabul edildi. Bu guramanyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 12-nji martynda paýtagtymyzda geçirilmegi hem Türkmenistanyň TDG bilen gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki Çykyşynda Gahryman Arkadagymyz birnäçe wajyp teklipleri öňe sürdi. Geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmek, şeýle-de geljekde bu düzümi «Ýaşulular geňeşi» diýip atlandyrmak, onuň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagyny we nyşanyny döretmek baradaky teklipleri oňa gatnaşyjylarda uly seslenme tapdy. Şeýle hem Milli Liderimiz bu geňeşiň halkara derejedäki gurama diýlip ykrar edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny-da öz Çykyşynda belledi. Gahryman Arkadagymyzyň «Zaman» gazetiniň işi, şeýle-de Ýunus Emre, Alyşir Nowaýy, Çingiz Aýtmatow, Şandor Petefi, Abaý Kunanbaýew ýaly söz ussatlarynyň ýadygärlikleriniň paýtagtymyzda oturdylandygy barada aýratyn durup geçmegi halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda söz ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy. Bu başlangyçlaryň alnyp barylýan işleriň ilerledilmegine, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşygynyň barşynda hem aýratyn nygtaldy.

Döwran AGAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.