Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

5 Dekabr 2024
151

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu sergä we işewürler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, Türkmenistan bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Aşgabada geldiler. Bellenilişi ýaly, şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.

Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk gurşawy emele getirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.