Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

5 Dekabr 2024
170

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Serginiň işine dostlukly ýurduň döwlet düzümlerinden, hususy pudagyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Surata düşüren Hasan MAGADOW.